Aşgabatdaky täze hirurgiýa merkezini döwrebap enjamlary satyn alany üçin sylagladylar

1-nji sentýabrda Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa we merkeziniň maslahatlar zalynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Germaniýanyň süýjüli diabet keselleri jemgyýetinden hem-de Daşky gurşaw boýunça saglygy goraýyş gaznasyndan Aşgabadyyň täze lukmançylyk merkezine berlen ýörite güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa we merkeziniň mynasyp bolan sylaglarynyň biri merkezi aziýad aiň gowy enjamlaşdyrylan diýen şahadatnama bolsa, beýelkisi süýjüli diabet keselli näsaglara edilýän ýokary derejeli medisina hyzmaty üçin diýen şahadatnama boldy.

Dabara ýewropa ýurtlarynyň professorlary hem gatnaşdylar we Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynda gazanan üstünliklerien haýran galýandyklaryny aýtdylar.

Fransiýaly professor Eni Sasko Türkmenistanyň lukmançylyk boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürýändigini belledi. Şeýle hem ol keselleriň derejesi bilen daşky gurşawyň arasyndaky arabaglanyşyk barada aýdyp, Türkmenistanyň tebigaty, häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny goramaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi diýip, TDH ýazýar.

Kýoln uniwersitetiniň professory Rudolf Maýs döwrebap düzümiň we dünýä ylmynyň iň gowy işläp taýýarlamalarynyň esasynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeli usulynyň döredilendigini, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegiň, eneligi we çagalygy goramak ulgamyny ösdürmegiň, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagyň, sporty wagyz etmegiň onuň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

01.09.2017 | Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi abraýly sylaglara mynasyp boldy
Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi
Tanymal pianinoçy Rozwita Lomeriň aşgabatly saz muşdaklaryna sowgady
Kýolnde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllygy bellenildi
Halkara bilermenleri döwlet dolandyryşy ulgamyna täze çemeleşmeler bilen tanyşdyrdylar
Koronawirus Germaniýanyň ykdysadyýetine 300 mlrd ýewro zyýan ýetirdi