Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi açyldy

Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi açyldy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk sergisi açyldy.

Türkmenistan: Altyn asyr web-saýtynyň habar bermegine görä, sergide ilkinji nobatda, tanymal medeniýet we sungat işgärleriniň portretlerine üns berlipdir. Şonuň üçin-de sergi surat galereýasyny ýatladýar.

Sergi Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň portreti ‒ Hakasiýanyň at gazanan suratkeşi Berdiguly Amansähedowyň işi bilen başlanýar. Onuň ýanyndaky suratda roýalyň başynda Türkmenistanda opera sungatynyň başlangyjyny goýan kompozitor Daňatar Öwezow dur. Ony Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Allanurow çekipdir. Türkmenistanyň halk suratkeşi Nyýazmyrat Dowodowyň çeken suratynda bolsa Ýakup Allanurowyň hut özi hem bar.

Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjow bolsa suratda geçen asyryň 70-nji ýyllaryna mahsus bolan açyk reňklerde şekillendirilipdir. Bu surat Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýarly Baýramowyň işi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň iki işi goýlupdyr. Olaryň birinde ‒ kompozitor Nury Halmämmedowyň keşbi, ikinjisinde bolsa tomaşaçylaryň söýgüli kinoaktýory Baba Annanowyň suraty çekilipdir.

Kiçi göwrümli heýkeller tanymal adamlaryň portret galereýalarynyň üstüni ýetirdi.Olaryň arasynda ‒ Kompozitoryň portreti atly Jumadurdy Jumadurdyýewiň işi-de bar.Heýkeltaraş bu işini kompozitor Nury Halmämmedowa mahsus häsiýetler bilen ýasapdyr, ýöne näme üçindir onuň adyny eseriň adyna goşmandyr. Ähtimal, ol şunuň bilen kompozitorlaryň keşbini bir şahsda, umumy şekilde görkezmek isländir.

Belki-de bu heýkeli synlan her bir adamyň, onsuz-da öňünde bürünje beslenip, kimiň durandygyna göz ýetirip biljekdigi üçin şeýdendir.Alekseý Şetininiň Jigit tansy atly işi ajaýyp heýkel.

Onda tansçynyň tolgundyryjy, çeýe durşy şekillendirilipdir.

Dörtguly Babaýew gipsde özboluşly işini görkezipdir: açyk kitap, onuň boş sahypasynda şol sahypany doldurmaly goşgyny düzýän şahyr döredijilik ylhamyna berlipdir. Heýkeltaraş eserine Şahyr diýip at goýupdyr.

Gülleriň kompozisiýalary bolsa serginiň baýramçylyk sergisidigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçirildi
BELENTLIGE GÖTERILEN AÝDYM
Türkmenistanda Ýaş Heýkeltaraşlaryň Biri-Birinden Owadan Eserleri Sergilendi
Lebap welaýatynda suratkeşleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Nowruz baýramy mynasybetli sergi açyldy