8-nji oktiýabr gijesi dört sany näbelli adam IIM-niň harby bölüminiň Aşgabatdaky Oguzhan (öňki Aýtakow) köçesindäki stasiýanar postunda nobatçylyk çekýän iki esgere hüjüm etdiler diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
Bu waka takmynan, gije sagat 3-de bolýar. Hüjümçileriň nähili ýaraglydygy anyk däl. Emma, esgerler ýaragsyzdy. Olaryň birisi gaçyp, polisiýany çagyryp ýetişýär. Ikinji esger agyr ýagdaýda goranmak ministrliginiň Merkezi harby keselhanasyna ýerleşdirilýär.
Jenaýatçylaryň maksatlarynyň nämedigi anyk däl. Olar esgerleriň nobatçylyk çekýän jaýynyň gapysyny we penjiresini döwüp,ýenjilen esgeriň buşlatyny hem baş gabyny alypdyrlar,emma habarlaşma enjamyny (rasiýasyny) galdyrypdyrlar.
Prokuratura we Aşgabadyň şäher polisiýa müdirýeti heläk bolany sorag etdi. Sülçiler hüjümçileriň ýüzüniň maskalydygyny we neşeleriň täsirinde bolandyklaryny esgeriň öz görkezmesinde bellemegini soraýarlar.
Esgeriň gulluk edýän harby bölüminiň ýolbaşçysy (polkownik) we rota başlygy (kapitan) gazaply ýenjileniň saglyk ýagdaýlaryna we derňew işiniň gidişine aladalanýarlar.Olar hakyky jenaýatçylary ele salmagyň ýerine günäniň birnäçe neşekeşiň boýnuna atyljakdygyna ynanýarlar.
Adatça, IIM-niň harby bölümleriniň esgerleri stasiýanar postlarda nobatçylyk çekýärler, IIM-niň Akademiýasynyň kursantlary bolsa, Aşgabadyň köçelerinde patrullyk etmäge iberýärler.
The post Aşgabatdaky postda nobatçylyk çekýän esgere näbelli adamlar hüjüm etdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.