Aşgabatdaky Oýunlarda 245 medal berlen türkmen türgenleri Indoneziýada jemi 3 medal aldy

Aşgabatdaky Oýunlarda 245 medal berlen türkmen türgenleri Indoneziýada jemi 3 medal aldy

Şu ýyl Indoneziýada geçirilýän XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri şu wagta çenli jemi 3 medal gazandy. Geçen 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen sportsmenleri jemi 245 medal gazanypdy.

18-nji Aziýa oýunlarynyň resmi websaýtyndaky maglumatlara görä, agyr atletika boýunça 53 kilogram agramda çykyş edýän türkmenistanly türgen Kristina Şermetowa kümüş medala, sportuň ju-jitsu görnüşi boýunça Kemal Meredow bürünç medala, şeýle-de göreşçi Öwelekow Şyhazberdi bürünç medala mynasyp boldy. Türkmenistanly bir türgen doping bilen baglylykda oýunlardan çetleşdirildi.

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Indoneziýadaky 18-nji Aziýa oýunlary şu ýylyň 18-nji awgusty bilen 2-nji sentýabry aralygynda ýurduň paýtagty Jakarta bilen Palembang şäherlerinde geçirilýär.Oňa 45 ýurtdan jemi 15 müň sportsmen gatnaşýar. 2018-nji ýylyň iýul aýynda Indoneziýanyň onlaýn metbugatynda çykan habarlarda bu halkara sport çäresini geçirmek üçin Indoneziýanyň Merkezi hökümetiniň 450 million dollar möçberinde, hemaýatçylardan bolsa 59 million dollar möçberinde maliýe serişdesini sarp etmegi göz öňünde tutýandygy habar berlipdi. “Amerikanyň sesiniň” maglumatlaryna görä, ýurduň Milli ösüş we meýilnamaçylyk agentligi halkara bäsleşiklere taýýarlyk çäreleriniň çäginde 3 milliard dollardan gowrak pul serişdesini sarp edýändigini habar berdi.

Oýunlary yzarlamak üçin jemi 8 müň žurnalistiň gatnaşdyrylýandygy habar berilýär.

Indoneziýada geçirilýän XVIII Aziýa oýunlary bilen deňeşdireniňde has kiçi gerimli ähmiýete bolan Aşgabadyň Ýapyk binalardaky V Aziýa oýunlary geçen ýyl 17-27-nji sentýabr aralygynda geçirildi.Dürli habar serişdeleri, şol sanda Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmeleri 10 günläp dowam eden oýunlary geçirmek üçin, türkmen hökümetiniň 10-15 milliard dollar aralygynda maliýe serişdesini harçlandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugaty bu oýunlaryň Türkmenistanyň halkara abraýyna goşant goşandygyny habar berdi.Oýunlara gabatlap, Aşgabat “Laçyn” guşuň şekilinde azyndan 2 milliard dollarlyk aeroport gurdurdy, diňe sport çäreleriniň geçirilmegine niýetläp Olimpiýa şäherjigini bina etdi, onda her hili sport desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we myhmanhanalary gurdurdy.

Häzirki wagtda boş durandygy aýdylýan bu binalar toplumynyň düzümindäki köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny golaýda prezident ýörite karar çykaryp, ministrliklere we pudaklaýyn edaralaryň hasabyna geçirdi.

Bellemeli ýeri, Aşgabatda geçen oýunlarda jemi 245 medal gazanan türkmenistanly türgenler, Indoneziýada geçirilýän halkara ähmiýeti has derwaýys Aziýa oýunlarynda bary-ýogy 3 medal gazandy. Üstesine, bu ýylky oýunlarda türkmenistanly bir pälwan, 24 ýaşly Nazarow Rüstem, doping testini geçip bilmäni oýunlaryň çärýek-finalyndan çetleşdirildi. Bu barada halkara habar serişdeleri şol sanda Reuters habar berdi.

Galyberse-de, şu ýylyň maý aýynda Azatlygyň Türkmenistandaky ýagdaýlardan habarly çeşmesi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýeňiji bolan üç türkmenistanly türgeniň baýraklarynyň, ýagny olara gowşurylan ýeňil awtoulaglaryň häkimiýetler tarapyndan yzyna alnandygyny habar berdi.

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Indi, Türkmenistan ýene-de bir halkara sport ýaryşyna, “Amul Hazar-2018” atlandyrylýan awtorallä döwlet derejesinde taýýarlyk görýär.Azatlyk Radiosynyň ýurduň içindäki habarçylary awtoralliniň geçirilýän ýol ugrunda her welaýatdan 7 müň adamyň mejbury şowhunly tomaşaçy “işine” bellenendigini habar berýär.

Resmi metbugat, bu ýaryşyň “Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny, tebigat gözelliklerini we häzirki gazanan üstünliklerini wagyz etmek jähtinden ähmiýetlidigini” aýdýar.Azatlygyň habarçylary ýurtda ykdysady krizisiň höküm sürýändigini, azyk-harytlaryň gytalýandygyny, dükanlaryň öňünde haryt nobatlarynyň döreýändigini habar berýärler.

Metbugatda peýda bolan habarlardan mälim bolşuna görä, “Amul-Hazar 2018”-e türkmen prezidentiniň hut özüniň bäsleşige gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmen hökümetiniň halkara sport çäreleri üstümizdäki awtoralli bilen çäklenmeýär, eýsem, öňümizdäki noýabr aýynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça halkara ýaryş geçirilýär.

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri “Around the Rings” neşiri bilen golaýda geçiren söhbetdeşliginde Türkmenistanyň özünde Olimpiýa oýunlaryny geçirmegi “arzuw edýändigini” aýtdy.

Indoneziýada geçirilýän XVIII tomusky Aziýa oýunlary 2-nji sentýabrda tamamlanar.

Onda Hytaý 231 medal bilen ýaryşyň başyny çekýär. Ýaryşlarda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Özbegistan 53 medal bilen 6-ny orunda barýar, şeýle-de Gazagystan 59 medal, Gyrgyzystan 19 medal we Täjigistan 3 medal gazandy.

TDH oýunlar barada ýetiren düýnki habarynda türkmenistanly dzýudoçy Gülbadam Babamuratowanyň gyrgyzystanly garşydaşyny “waza-ri tilsimini” ulanyp ýeňendigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

21-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Papa Fransisk Indoneziýa Bardy
Indoneziýanyň täze Prezidenti wezipesine girişdi