Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda brodweý sazlary ýerine ýetirildi

Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda brodweý sazlary ýerine ýetirildi

Şu gün Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, amerikaly sungat ussatlary Keýt Bass we Aaron Ýangyň hem-de türkmen aýdymçylary Döwran Şamyýewdir Dünýägözel Begaliýewanyň we Türkmenistanyň Döwlet horunyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.

Sahnada brodweýiň nusgawy eserlerinden Kandid, Günbataryň hekaýasy, Operanyň fantomiýasy, Karib deňziniň garakçylary, Rapunsel, Aladdin ýaly eserler hem-de Dýuk Ellingtonyň jaz kompozisiýasy ýaňlandy.

Konserte müňden gowrak aýdym-saz janköýerleri gatnaşdy.

Konsert maksatnamasyny ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimow açdy we bu çäräniň ilçihana tarapyndan daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylýan Amerikan aýdym-saz maksatnamasynyň çäginde guralandygyny aýtdy.

10 günlük maksatnamanyň dowamynda amerikaly we türkmen sazandalary çeperçilik we wokal tehnikasy boýunça tejribe alyşdylar. Keýt Bass we Aaron Ýang, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestrindäki kärdeşleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Döwlet hory bilen ýakyndan işleşdiler.

Konserte taýýarlyk bir hepde dowam etdi.

Döwlet departamentiniň daşary ýurtlardaky Amerikan aýdym-saz maksatnamasy Amerikan sesi birleşigi tarapyndan dolandyrylýar. Bu maksatnama diňleýjilere Amerikanyň dünýäniň aýdym-saz medeniýetine goşan goşandyny, medeniýetler aragatnaşygyny ösdürmäge we konsertler, bilelikdäki çykyşlar, leksiýalar we seminarlar arkaly adamlaryň arasynda baglanyşyk gurmaga çalyşýar.

Ýene degişli makalalar

64 ýyldan soň 2-nji gezek gatnaşýan Uelsiň ýygyndysy
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi, Aşgabatda meşhur Brodweý sazlary ýaňlanar, Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäre geçiriler
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Hirurg-lukmanlar dünýädäki iň görmegeý erkek kişini saýladylar