Aşgabatdaky mekdebe koreý dilindäki okuw kitaplary, gollanmalar we ofis enjamlary sowgat edildi

Aşgabatdaky mekdebe koreý dilindäki okuw kitaplary, gollanmalar we ofis enjamlary sowgat edildi

Aşgabat şäheriniň 88-nji mekdebine 180 sany koreý dili okuw kitaby we dürli okuw esbaplary sowgat edildi.

Sowgatlar 15-nji noýabrda Koreýa Respublikasynyň ilçisi Şin Sung-Çuluň mekdep direktory Arslan Ýabanow bilen geçirilen duşuşygynyň çäginde gowşuryldy. Bu barada Newscentralasia habar berýär.

Ilçi Koreýanyň medeniýetini, dilini öwrenmek üçin mekdep okuwçylaryna görkezme esbaplary bolan Hahoe maskasyny, şeýle hem koreý filmleridir dramalary bolan DVD-leri we beýleki zatlary gowşurdy.

Mundan başga-da, sowgatlaryň arasynda ofis enjamlary bolan noutbuklardyr printerler hem bar.

88-nji mekdepde 2019-njy ýyldan bäri koreý dili öwredilýär. Ilçi saparynyň dowamynda açyk sapaga hem gatnaşdy.

Mekdebe gowşurylan sowgatlar Koreýanyň Bilim ministrligi tarapyndan daşary ýurt mekdeplerinde koreý dilini okatmagy goldamagyň taslamasynyň çäginde berildi.

Ýene degişli makalalar

ASTRAHAN OBLASTYNYŇ PRIWOLŽSK RAÝONYNYŇ MAGTYMGULY PYRAGY ADYNDAKY ORTA MEKDEBINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN SURAT ÇEKMEK BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI
Türkmenistanda söýgüliler gününi bellemek däbi ýaýbaňlanýar
Hasar Ahalda Mars, Baunti, Snikers öndürýän zawod gurýar
Altyn Ýunus Täze ýyl sowgatlary üçin konditer önümlerini hödürleýär
ImdatBot ýaş tehnika söýüjiler üçin adaty bolmadyk sowgady hödürleýär
Detoxboxtm Sowgat sertifikaty hyzmatyny hödürleýär