Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy

Aşgabatdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desseleri goýuldy

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly dabaralar bilen giňden bellenildi. Baýramçylyk çäresi Aşgabadyň taryhy merkezinde, beýik nusgawy şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanyndaky meýdançada başlandy.

Bu ýerde Gündogaryň beýik akyldarynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.Milletiň buýsanjyna öwrülen Pyragynyň çeper zehinine, edebi mirasyna hormat goýmagyň nyşany hökmünde guralýan gül goýmak dabarasyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym hem-de medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, talyplar gatnaşdylar. Ýadygärligiň eteginde al-elwan güllerden emele gelen ajaýyp görnüş halkymyzyň beýik ogluna goýýan hormatyny, şahyryň döredijiliginiň nusgalykdygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny türkmen topragynyň ajaýyp tebigaty, giňişlikleri, sähralary, daglary we düzleri, deňizleri hem-de derýalary, hoşniýetli adamlary, ýakymly owazlary, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri beýik eserleri döretmäge ruhlandyrypdyr.Gahrymançylyga, watançylyga, durmuş gözelligine söýgi, türkmen halkynyň sazlaşykly, parahat, abadan durmuşy, özygtyýarly döwlet baradaky arzuwlar Magtymgulynyň eserleriniň özenini düzýär.

Akyldar şahyr “Berkarar döwlet istärin” diýip arzuw edipdir.Häzirki döwürde Magtymgulynyň ady dünýä belli boldy.Onuň ajaýyp eserleri dünýä halklarynyň dürli dillerinde neşir edilýär.Akyldar şahyryň şygyrlary Firdöwsi, Dehlewi, Rumy, Nyzamy, Nowaýy ýaly dünýä belli beýik alymlaryň we akyldarlaryň eserleriniň arasynda aýratyn orna mynasypdyr.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragy dünýä gymmatlygy
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy
Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
Magtymguly Pragy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglamak dabarasyndaky ÇYKYŞY
Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň şahyry