Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Koton” dükany egin-eşikleriň täze güýz kolleksiýasyny 30 göterim arzanladyş bilen müşderilerine hödürleýär.
“Berkarar” söwda dynç-alyş merkezinde ýerleşýän “Koton” dükanynyň dolandyryjysynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, dükanda egin-eşikleriň, aksessuarlaryň, atyrlaryň dürli görnüşleri satylýar.
Şeýle hem Aşgabatdaky “Koton” dükany egin-eşikleriň täze güýz kolleksiýasyndan galan ähli harytlara 70 göterim arzanladyş yglan edýär.
Mundan başga-da, dükanyň müşderileri öňünden hiç hili tölegsiz 6 aý garaşaryna dürli görnüşli harytlary satyn alyp bilerler.
“Koton” dükanynyň harytlaryny “Asmanexpress” online platformasynyň “Asmanshop” bölüminde satyn almak mümkinçiligi hem bolup, bu platformada kompaniýanyň harytlaryny satyn alan müşderilere 5 göterim cash back we 90 minudyň dowamynda mugt eltip bermek hyzmaty garaşýar.
“Asmanexpress” online platformasynyň üsti bilen alyjylar diňe bir “Koton” dükanynyň harytlanyny däl, eýsem, beýleki “Mavi”, “Koton kids”, “Avva” “Ramsey”, “Altınyıldız Classics”, “LC Waikiki”, FLO ýaly belli brendleriň harytlaryny hem sargty edip bilerler.
Türkmenistandaky “Koton” dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, “Berkarar” söwda dynç-alyş merkeziniň 2-nji gaty
Telefon belgisi:
+993 61 64-39-96
Instagram: koton_turkmenistan