Aşgabatdaky Kids Plaza dükany 0-dan 14 ýaşa çenli çagalar üçin egin-eşikleri we köwüşleri hödürleýär

Aşgabatdaky Kids Plaza dükany 0-dan 14 ýaşa çenli çagalar üçin egin-eşikleri we köwüşleri hödürleýär

Aşgabatdaky Kids Plaza dükany ýaňy doglan bäbeklerden başlap, 14 ýaşa çenli çagalar üçin egin-eşikleriň, köwüşleriň we aksessuarlaryň toplumyny hödürleýär. Ene-atalar Kids Plaza-da çagalaryň garderobyny dolulygyna täzeläp ýa-da tebigy matalardan tikilen döwrebap we owadan egin-eşik nusgalary bilen dolduryp bilerler.

Kids Plaza-nyň wekiliniň bellemegine görä, dükanyň hödürleýän harytlary toplananda çagalara niýetlenen harytlary hili boýunça bütin dünýäde meşhurlyk gazanan haryt nyşanlary saýlanyp alynýar: Zara, Mango, H&M we LC Waikiki.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýjylary öýden çykmazdan, kidsplazatm.com saýtynda söwda etip bilerler.

Müşderileriň islegine görä, Kids Plaza birnäçe ölçegli eşikleri geýip görmek mümkinçiligi eltip bermek hyzmatyny guraýar. Eltip bermek hyzmaty Aşgabadyň içine mugt amala aşyrylýar, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryna eltip bermek mümkinçiligi bardyr. Mundan başga-da, dükanyň arzanladyş kartlarynyň eýeleri hemişelik 10% arzanladyşdan peýdalanyp bilýärler.

Ilkinji Kids Plaza dükany 2017-nji ýylda açyldy. Häzirki wagtda Kids Plaza-nyň müşderileriniň sany bütin ýurt boýunça 3 000-den gowrakdyr.

Aşgabatdaky Kids Plaza dükanyna aşakdaky salgylar boýunça baryp bilersiňiz:

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

Göreldeli bilim merkezi abraýly franşizalara kabul edişlik yglan edýär
Kids Point çagalar üçin oýnawaçlaryň we harytlaryň internet dükanyny açdy
Ýekelikde welosipedli syýahat edýän iňlis jahankeşdesi Türkmenistanyň çäginden geçer
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar
Aşgabatda “Kids EKSPO: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarka geçiriler