Aşgabatdaky Janly tebigatyň muzeýi myhmanlar üçin açyldy, Turkish Airlines Türkmenistandan çarter uçuşynyň senesini yglan etdi, maýyň ahyrynda Tailand—Türkmenistan futbol duşuşygy geçirilip bilner we beýleki täzelikler

Aşgabatdaky Janly tebigatyň muzeýi myhmanlar üçin açyldy, Turkish Airlines Türkmenistandan çarter uçuşynyň senesini yglan etdi, maýyň ahyrynda Tailand—Türkmenistan futbol duşuşygy geçirilip bilner we beýleki täzelikler

1.Türkmenistanda Janly tebigatyň milli muzeýi myhmanlary haýwanat bagyna çagyrýar. Ýabany tebigatyň 250-den gowrak wekili myhmanlara garaşýar.Haýwanat bagy duşenbeden başga günleriň ählisinde 9:00-dan 18:00-a çenli işleýär. 2.

Turkish Airlines Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörişe uçuş guraýar.Türkmenistandan uçuş 1-nji maýa meýilleşdirildi. 3.Tailandyň futbol assosiasiýasy Tailandyň we Türkmenistanyň milli ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Duşuşyk 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda Sisaket welaýatynda geçirilip bilner. 4.Türkmenistanyň döwlet sirkinde türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli çykyş geçirildi. 5.Aşgabadyň ýolagçy awtoulag kärhanasyndan awtobusy onlaýn sargamagy nädip resmileşdirmeli

6. Erkin göreş boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalary 23-24-nji aprelde Mongoliýanyň paýtagtynda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşar.

7.Daşary ýurt raýatlary Türkmenistandan Russiýa amala aşyrylýan ýörite uçuşlara indi ozalkysy ýaly köp garaşmaly bolmaz.Munuň sebäbi hökmünde ýörite uçuşlar üçin gelip gowuşýan ýüztutmalaryň sanynyň azalmagy görkezilýär. Şeýlelikde, daşary ýurt raýatlarynyň uçuş üçin garaşýan wagty 2,5 ― 3 aýa çenli azaldy. 8.

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti Aşgabadyň ýaşaýjylaryny Arassa şäherler ekologiýa taslamasyna gatnaşmaga çagyrýar. Ýuridiki we fiziki şahslara plastik, aýna, makulatura tabşyryp, ýerine agaç nahallaryny almak hödürlenilýär. 9.Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýaş ýigitleri we gyzlary Aşgabatda 6-njy maýda geçiriljek Açyk gapylar gününe çagyrýar.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
24-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
ABŞ-da Ýolagçy Uçar Bilen Harby Dikuçar Kakyşdy
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýeňillik bilen syýahat ediň: Turkish Airlines goşundysyny ýükläp alyň
Turkish Airlines-iň Aşgabatdaky satuw ofisi biletleri satyn almaga çagyrýar
“Turkish Airlines” Aşgabat-Stambul-Aşgabat uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanladýar