Aşgabatdaky IQ007 mekdebi çagalaryň ýazuwyny kämilleşdirmegiň innowasion usullaryny hödürleýär

Aşgabatdaky IQ007 mekdebi çagalaryň ýazuwyny kämilleşdirmegiň innowasion usullaryny hödürleýär

IQ007 mekdebi innowasion usullary hem-de her bir okuwça aýratyn çemeleşmegi özünde birleşdirýän çagalaryň ýazuwyny kämilleşdirmek boýunça özboluşly maksatnamany hödürleýär.

Mekdebiň hünärmenleri çaganyň ösüşinde owadan ýazuwyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtamak bilen, onuň ünsi jemlemekde, tutanýerlilikde we bölek zatlara üns bermekde özboluşly hyzmata eýedigini aýdýarlar. IQ007 maksatnamasy diňe bir kalligrafiýa däl-de, eýsem sowatly ýazmak endiklerini ösdürmäge hem gönükdirilendir.

IQ007 mekdebinde geçilýän okuwlar şulary öz içine alýar:

- şahsy görnüşde niýetlenen meseleler. Özbaşdak çemeleşme her bir çaganyň mümkinçiliklerini açmaga ýardam edýär, oňa ukyp-başarnyklaryna kybap gelýän wezipeleri hem-de maslahatlary hödürleýär.

- oýun esasly okuw usulyýetleri çagalara täze bilimleri we endikleri tiz hem-de içgysgynç däl görnüşde öwrenmäge mümkinçilik berýär.

- häzirki zaman tehnologiýalary. Täze işläp taýýarlamalary we interaktiw materiallary ulanmak okuw işini mümkin boldugyça täsirli edýär we okuwy döwrebap görnüşde guramaga şert bolup hyzmat edýär.

- ýazuwyň sowatlylygyna ähmiýet bermek. Sowatly ýazmak endiklerini ösdürmek çagalara pikirlerini aýdyň, dogry we ýalňyşsyz beýan etmäge kömek edýär.

- höweslendiriş ulgamy. Mekdepde özboluşly höweslendiriş ulgamy bar. Bu ýerde çagalar gazanan üstünlikleri üçin dürli baýraklara çalşyp bolýan ýörite IQ teňňeleri alýarlar.

Çagalarynyň ýazuwyny gowulamak isleýän ene-atalar okuwlara salgylanma arkaly ýa-da (+993 71) 51 84 63 telefon belgisine jaň edip ýazylyp bilerler.

Goşmaça maglumatlar bolsa mekdebiň sosial media ulgamyndaky sahypasynda elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Zonguldakda metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy
Garaşsyzlyk müdimilik mukaddeslik!