Aşgabatdaky ImdatBot bilim merkezi täze ugry Ösdüriji oýunlary işe girizýär

Aşgabatdaky ImdatBot bilim merkezi täze ugry  Ösdüriji oýunlary işe girizýär

Türkmenistandaky ImdatBot çagalar üçin robototehnika bilim merkezi 5-nji iýundan başlap täze ugry Ösdüriji oýunlary işe girizýär.

6 ýaşdan 12 ýaşa çenli mekdep okuwçylary üçin tankydy we inženerçilik pikirlenmesini, ösen logikany, programmirleme endiklerini we tiz okamagy ösdürmek maksady bilen oýun görnüşinde ýörite sapaklar geçiriler.

Çagalaryň hyýalyny, emosional intellektini, logikasyny we ýadyny ösdürmek üçin aýratyn oýun sapaklary göz öňünde tutulandyr. Bu tapgyr aşakdaky oýunlary öz içine alýar:

Ýaş türkmenistanlylar maliýe sowatlylygynyň we konstruirlemegiň (düzmegiň) esaslaryny hem oýun görnüşde özleşdirip bilerler.

8 ýaşdan uly mekdep okuwçylary üçin wagt dolandyryşy oýny wagtyň dogry guralyşyny we ony ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagy öwredýän oýun, şeýle hem köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerini ele almaga gönükdirilen oýunlar göz öňünde tutulýar.

Sapaklar hepdede üç gezek geçiriler. Täze okuwçylar üçin bir gezeklik sapagyň nyrhy 50 manat, 2 hepdelik ýazylmak üçin (6 sapak) 210 manat we 4 hepde üçin (12 sapak) 360 manat.

ImdatBot-da eýýäm bilim alýan mekdep okuwçylary üçin ýörite ýeňillikler göz öňünde tutulýar.

Ýatlatsak, ýaş ýörelgesine laýyklykda döredilýän toparlarda 10-dan köp bolmadyk adamyň gatnaşmagynda sapak geçilýär. ImdatBot-daky mugallymlaryň ählisi diňe bir maglumat tehnologiýasy we robototehnika ulgamlarynda iş tejribesine däl, eýsem, çagalar bilen işlemek boýunça pedagogiki başarnyklara hem eýedirler.

ImdatBot çagalar üçin robototehnika bilim merkeziniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, A.Nyýazow şaýoly, 147-nji jaý (Merdana).

Has giňişleýin maglumat üçin şu telefon legilerine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 12) 41 42 52 и (+993 62) 90 00 69.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Türkmentel — 2023 halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär
Türkmenistanyň telekeçileriniň artýan mümkinçilikleriniň uly sergisi
10.10.2018 | “Türkmentel-2018” XI halkara sergisi we ylmy maslahat
“Türkmentel-2018” XI halkara sergisi we ylmy maslahat
Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde "BlackSparc" IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder
Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär