Merkezi Aziýada iň uly — 120×12 metrlik ekran Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Türkmenistanyň täze Hökümet münberiniň öňünde oturdyldy. Bu barada “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň www.vozr.ru resmi internet saýtynda habar berilýär.
Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze Hökümet münberini Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda — 16-njy sentýabrda açmak meýilleşdirilýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu desgany Fransiýanyň meşhur “Bouygues” kompaniýasy bina etdi. Russiýanyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy bolsa münbere barýan ýoluň hem-de onuň öňündäki meýdançanyň gurluşygyny alyp bardy. Hökümet münberinde dürli görnüşli iri köpçülikleýin çäreleri geçirmek mümkin. Şu maksat bilen, desga bina edilende, Aşgabadyň gözelliklerini töwerekleýin synlamaga mümkinçilik berýän uly bolmadyk belentlik saýlanyp alyndy.
Ýeri gelende bellesek, Hökümetiň sanly ulgam arkaly 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa türkmen Liderine Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, Aşgabatda birnäçe desgalaryň, şol sanda Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.
16-njy sentýabrda açylmagy göz öňünde tutulýan desgada häzirki wagtda sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desgany bezemek boýunça işler amala aşyrylýar.Munuň özi Hökümet münberinde geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň köpöwüşginli bolmagyny üpjün eder.
Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine bagyşlanan esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň, durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar.