Aşgabatdaky Hisense dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli utuşly oýun geçiriler

Aşgabatdaky Hisense dükanlarynda Täze ýyl mynasybetli utuşly oýun geçiriler

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Hisense kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekiliniň dükanlarynda sowgatlaryň utuşly oýny geçiriler.

Aksiýa gatnaşmak üçin 10 müň manat möçberde Hisense hojalyk tehnikalaryny satyn almaly we kassadan kupon almaly. Sowgatlaryň hatarynda: telewizorlar, mikrotolkunly peçlerler, sowadyjylar, kofe maşynlary, et üweýjiler, blenderler we başga-da köp sanly utuşlar bar.

Utuşly oýun 24-nji dekabrda guralar.

Mundan başga-da, dükanda Hisense kompaniýasynyň ähli önümlerine 20%-e çenli arzanladyş hereket edýär.

Hisense kompaniýasy dünýädäki iň iri hojalyk tehnikalaryny hem-de elektronika enjamlaryny öndürijileriň biridir we müşderilerine telewizorlaryň, sowadyjylaryň, kir ýuwýan we gap-gaç ýuwýan maşynlaryň, kondisionerleriň, mikrotolkunly peçleriň, tozan sorujylaryň we beýleki enjamlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Hisense kompaniýasynyň ähli önümleriniň bir ýyl kepillik bilen üpjün edilýändigini we iki ýyllyk möhlet bilen tehniki taýdan hyzmat etmek mümkinçiliginiň berilýändigini bellemek gerek. Aşgabadyň çäklerinde eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.

Aşakdaky salgylarda Aşgabatdaky Hisense dükanlaryna baryp we utuşly oýun barada anyk maglumatlar bilen tanşyp bilersiňiz:

Ýene degişli makalalar

Toý hyzmatlaryny guraýan Ak kepderi kärhanasy uly aksiýa yglan edýär
Hoş Syýahat türk awiakompaniýasynyň peteklerini satyn alanlara sowgat berýär
Lawrow Russiýanyň Aksiýalarynyň Ýadro Betbagtçylygyna Sebäp Bolup Biljekdigini Aýtdy.
NG Kutahya dükanynda ähli önümlere 50%-e çenli arzanladyş yglan edildi
Köp al — az töle: Alem Sport accessories and equipments ähli sport harytlaryny 20%-e çenli arzanladýar
Aşgabatdaky Alem Sport apparels and shoes multibrend dükany sport aýakgabyny satyn alanlara sowgat berýär