Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşyna 10 topar gatnaşar

Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşyna 10 topar gatnaşar

15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek hokkeý boýunça halkara ýaryşa 10 döwletden 10 topar gatnaşar.

Olar Türkmenistanyň Galkan, Özbegistan Respublikasynyň Feniks, Oman Soltanlygynyň Oman Khanjars, Bahreýn Patyşalygynyň Bahreýn, Gazagystan Respublikasynyň Akmola, Türkiýe Respublikasynyň Gümüş Patenler, Gyrgyz Respublikasynyň Dordoý, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Orhis-Kazan, Eýran Yslam Respublikasynyň Ice Box we Belarus Respublikasynyň Wolat hokkeý toparlarydyr.

Halkara ýaryşda Galkan, Feniks, Oman Khanjars, Bahreýn we Ice Box toparlary A, Akmola, Gümüş Patenler, Dordoý, Orhis-Kazan we Wolat toparlary bolsa B toparçany emele getirer.

Halkara ýaryşa Türkmenistandan wekilçilik etjek Galkan hokkeý topary Içeri işler ministrliginiň garamagynda 2013-nji ýylda döredildi.Topar ilkinji üstünliklerini şol ýylyň özünde gazanyp başlady.Bu topar Türkmenistanyň sekiz gezek çempionydyr.

Häzirki wagtda ýurduň milli ýygyndysynyň düzüminiň hem agramly bölegini Galkan hokkeý toparynyň wekilleri emele getirýär. Ýaryşa gatnaşyjy beýleki toparlaryň hem öz ýurtlarynda we halkara giňişlikde meşhur toparlardygyna ünsüňizi çekmek isleýäris.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Galkan halkara hokkeý ýaryşynyň üçünji tapgyrynda Eýranyň toparyny uly hasapda ýeňdi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ilkinji gezek ýeňiji goşmaça wagtda kesgitlenildi