Aşgabatdaky Gold Palace we Villeroy & Boch dükanlary Oraza aýy mynasybetli arzanladyş yglan edýär

Aşgabatdaky Gold Palace we Villeroy & Boch dükanlary Oraza aýy mynasybetli arzanladyş yglan edýär

Paýtagtda ýerleşýän Gold Palace we Villeroy & Boch dükanlary mukaddes Oraza aýy mynasybetli harytlaryna arzanladyş yglan edýändigini habar berýär.

Arzanladyş döwründe Bvlgari, Pasquale Bruni, Korloff, Roberto Coin hem-de Utopia ýaly dünýä belli brendleriň bezegleri, ajaýyp sagatlary, şonuň ýaly-da Villeroy & Boch we Kitchenaid ýaly kärhanalaryň ýokary hilli gap-gaçlarynyň dürli görnüşleri amatly bahalardan alyjylara ýetiriler.

Arzanladyş 1-nji aprelden 10-njy maý aralygynda dowam eder.

Bahalaryň arzanladylmagy bilen bagly has giňişleýin maglumatlar dükanlaryň sosial media sahypalarynda beýan edilýär. Müşderiler bu mümkinçilikden arzanladyş döwrüniň dowamynda diňe bir gezek peýdalanyp bilerler.

Dükanyň müşderiler üçin döredýän mümkinçiligini habar bermek bilen, Royal Palace Group kompaniýasynyň hünärmenleri ähli musulmanlary ýetip gelen mukaddes Oraza aýynyň başlamagy bilen mübärekläp, bu aýda eden dileg-dogalarynyň hasyl bolmagyny, işlerinde, täze başlangyçlarynda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýär.

Habarlaşmak üçin:

SDAM "Berkarar", köçe 1972 (Atatürk), 80 +993 12 46 88 00 +993 61 86 57 75 www.royalpalace.tm

Şeýle-de-okaň:

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda çagalar üçin IT we robototehnika okuwlaryna 40%-e çenli arzanladyş dowam edýär
Türkmenabatda adam başyna iki buhankadan köp satylmaýar, nobat köpelýär
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
“Asmanexpress” sowgatly uly arzanladyş yglan edýär
Okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýetginjekler bazarlarda üzärlik tütedip gazanç edýärler
Alpha Home abatlaýyş işlerini geçirmekde 30% çenli arzanladyş yglan edýär
Joma sport geýimleriniň brendi ähli harytlaryna 25% arzanladyş yglan edýär