Aşgabatdaky Göwher dükany täze kosmetika önümleri bilen tanyşmaga çagyrýar

Aşgabatdaky Göwher dükany täze kosmetika önümleri bilen tanyşmaga çagyrýar

Aşgabatdaky Göwher lýuks kosmetika dükanynda gözellik pudagynyň dünýäde öňdebaryjy wekilleriniň bezeg we ideg maksatly kosmetika önümleriniň iň baý görnüşleri hödürlenýär. Bu ýerde her bir müşderi adaty günlerde-de, aýratyn dabaraly ýagdaýlarda-da ajaýyp görünmek üçin özüne gerek önümleri tapar.

Göwher dükanynyň tekjelerinde Dior, Estee Lauder, Clarins, Huda Beauty, Mac, Sephora, Vichy we beýleki haryt nyşanlarynyň kosmetika önümleri hödürlenýär. Bu ýerde ýetginjeklerden başlap, uly ýaşlylara çenli islendik deri üçin ideg serişdelerini, bezeg üçin kosmetika önümlerini we atyrlaryny satyn almak mümkindir.

Tejribeli satyjy-geňeşçiler kosmetika serişdeleri barada gürrüň bererler, dogry önümi saýlamaga we gerek bolan harydy tapmaga kömek ederler.

Göwher dükanynda yzygiderli belli bir haryt nyşanynyň önümlerine dürli arzanladyşlar, bäsleşikler we baýrakly oýunlar geçirilýär. Dükanda hödürlenýän görnüşleriň yzygiderli üsti ýetirilýär, şonuň üçin bu ýerde iň täze önümleri tapmak kyn düşmeýär.

Göwher dükany alyjylara şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Berkarar söwda-dynç alyş merkezi, 2-nji gat, Gowher cosmetics shop dükany.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 46 80 94, (+993 63) 14 44 12.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Ýene degişli makalalar

ÄLEM NURY SAHNADA
“Habyl we Kabyl” spektaklynyň premýerasy boldy
Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň aýdymçy ýaşlaryny sylaglady
Milli mirasyň nesil terbiýesindäki tutýan orny atly maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi
Azerbaýjanda Şuşa global media forumy geçirilýär
Berkarar SDAM-daky Göwher dükanynda Ýewropanyň öňdebaryjy haryt nyşanlarynyň kosmetika serişdeleri hödürlenýär