Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde gynanç kitaby açyldy

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde gynanç kitaby açyldy

Türkmenistanyň paýtagtyndaky Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde, 19-njy maýda bolup geçen dikuçar heläkçiligi sebäpli Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň we EYR-niň beýleki resmi adamlarynyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly gynanç kitaby açyldy.

Eýranyň Medeniýet merkezinde Turkmenportal-a habar berlişi ýaly, Türkmenistanda ýaşaýan we bolýan EYR-niň raýatlary, şeýle hem ähli isleg bildirýänler iş wagty merkeze baryp bilerler hem-de kitapda gynanç ýazgylaryny we medet beriji sözlerini galdyryp bilerler.

Ýene degişli makalalar

TIF — 2024 maýa goýum forumy 10-11-nji sentýabra süýşürildi
Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak atly onlaýn duşuşyk geçirildi
8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Turkmenportal resminamalar kabul edişligi heniz dowam etýän okuw jaýlarynyň sanawyny hödürleýär
Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny deňme-deňlik bilen geçirdi
Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi tender geçirilýändigini habar berýär