Aşgabatdaky Ertekiler dünýäsiniň şekil taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edildi

Aşgabatdaky Ertekiler dünýäsiniň şekil taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäherinde täze döwrebap innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan Ertekiler dünýäsiniň şekil taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Taslama iň täze innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan özboluşly seýilgähi döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Нейтральный Туркменистан gazetinde habar berildi.

Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde hasaba alynýar:

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 84.

Degişli arzalar 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-45-55, 44-46-64.

Ozal Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň ýerine seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik yglan edilendigi barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Agro-Pak Türkmenistan 2023 atly halkara sergi
ERTEKILERIŇ GAHRYMANLARY BILEN TANYŞ BOLALYŇ!
Bosniýa we Gersegowinada hobbitleriň obasy peýda boldy
Pirimine çolaşan möjek (Erteki)
Türkmenistandaky çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi badalga aldy
Ussat neçjar