Aşgabatdaky Elektronika dünýäsi we Samsung dükanlarynda köne kir ýuwujy maşynlary täzelemek aksiýasy geçirilýär

Aşgabatdaky Elektronika dünýäsi we Samsung dükanlarynda köne kir ýuwujy maşynlary täzelemek aksiýasy geçirilýär

Elektronika dünýäsi hem-de Samsung elektronika we hojalyk tehnikalarynyň dükanlary haryt nyşanyna, tehniki ýagdaýyna, şeýle-de öndürilen senesine garamazdan, köne kir ýuwujy maşynlary kabul edip almak (utilizasiýa) boýunça aksiýa yglan etdi.

Oňa laýyklykda, türkmenistanlylar özleriniň köne we ulanyşdan galan kir maşynlaryny tabşyryp, onuň deregine 7, 8 ýa-da 9 kilogram ýüklenilýän Ariston, Indesit ýa-da Sharp haryt nyşanly kir ýuwujy maşynlaryny satyn alanlarynda, 2000 manatlyk arzanladyş görnüşinde bonus gazanyp bilýärler.

Bu aksiýa gatnaşmak üçin müşderiler hökmany suratda (+993 60) 14 22 53 telefon belgisine jaň etmelidir. Elektronika dünýäsi we Samsung dükanlarynyň hünärmenleri köne kir maşynyň ýerine täzesini getirip berýärler. Harydyň tölegi nagt hem-de bank karty arkaly kabul edilýär.

Utilizasiýa boýunça geçirilýän bu aksiýa gatnaşmaga isleg bildirýän islendik müşderi oňa 10-njy fewraldan 25-nji mart aralygynda gatnaşyp biler. Bu ýerde satylýan tehnikalaryň her birine bir ýyllyk kepillik berilýär.

Belläp geçsek, dükanlarda gündelik durmuşda peýdalanylýan uly göwrümli hojalyk tehnikalarynyň (telewizorlar, kir ýuwujy maşynlar, sowadyjylar we doňduryjy kameralar, howa sowadyjylar), şeýle-de kiçi göwrümli (çäýnekler, kofe gaýnadyjylar, elektrik et üweýji maşynlar, garyjy enjamlar, mikrotolkun peçler we beýlekiler) tehnika enjamlarynyň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenýär.

Dükanlaryň salgylary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Elektronika dünýäsi dükanynda elektronika we hojalyk tehnikalaryna 50%-e çenli arzanladyş başlaýar
Elektronika dünýäsinden Täze ýyl sowgady — ähli tehnikalara 40%-e çenli arzanladyş
Türkmenistanyň ilçisi Owganystan boýunça Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler, fewralyň ilkinji gary we beýleki habarlar
Elektronika dünýäsi utuşly aksiýasynda Samsung telefonuny baýrak goýýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
31 klubda çykyş eden Abreu futbol bilen hoşlaşdy