9-njy maýda Türkmenistanda Ýeňiş güni bellendi.
Şol gün TDH döwlet täzelikler gullugy prezident Serdar Berdimuhamedowyň uruş weteranlaryna we halka ýüzlenmesini ýollandygyny habar beripdi.
Emma, baky oda gül çemenlerini goýmak dabarasyny Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gurnady.
“Halk Hakysasy” hatyra toplumyndaky dabara parlamentiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulylar we çet ýurtly diplomatlar ýygnandylar.
TDH-niň bellemegine görä, “döwlet frontçylara we olaryň maşagalasyna barada uly alada edýär hem uly üns berýär”.
Belläp geçsek, Ýeňiş güni uruş weteranlar 10 dollara golaý prezidentiň sowgadyny aldylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň sebitdäki goňşylary öz weteranlaryna onlarça esse köp pul berdiler.
Hatyra toplumynda uly Berdimuhamedow uruş we zähmet weteranlaryny şeýlede ol ýerä ýygnananlar bilen salamlaşdy. Ol topluma ýygnananlara birnäçe pähimli sözleri aýdyp berdi: “Ölülerini hatyrlaýanlar asyllylyga eýe bolýarlar”. “Hatyrlamak-uly we mukaddes iş”.
Baýram bilen ilteşikli ol ýerä ýygnananlary Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin hem gutlady.
Mundan soň Berdimuhamedowlaryň adyndan gül çemenleri baky oda goýuldy.Soňra diplomatlar we ol ýerä ýygnananlar gül desselerini goýdylar.The post Aşgabatdaky baky oda gül çemenlerini prezidentiň ýerine Halk Maslahatynyň başlygy goýdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.