Aşgabatdaky Alabaý ýadygärliginiň golaýyndaky 300 çemesi hususy jaýlar mart aýynda ýykylar

Aşgabatdaky Alabaý ýadygärliginiň golaýyndaky 300 çemesi hususy jaýlar mart aýynda ýykylar

Aşgabatdaky Görogly köçesiniň we nobaty boýunça 16-njy elit jaýlarynyň arasyndaky 300 çemesi hususy jaýlar weýran edilýär diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Bu barada şäher häkimiýetleri ýaşaýjylara habar berip, jaýlaryň mart aýynda ýykylmaga başlanjakdygyny duýdurdylar.

Şol wagta çenli ýaşaýjylar ýa kärendesine alan jaýlaryna ýa-da garyndaşlaryna çykmaly. Olara 1,5-2 ýyldan Abadan etrabynda (öňki Büzmeýinde) gurulýän täze jaýlardan öý söz berilýär.

2013-nji ýyla çenli Abadan aýratyn şaherdi. Emma,soňra ony paýtagtyň adminstrasiýa serhedine goşdylar. Ýöne,onuň paýtagtdan uzakdygy üçin adamlar ol ýerä göçmek islemeýärler.

Emma, olara başga çykalga galmaýar.

Ýykylýan jaýlaryň ýerinde näme guruljakdygy entek belli däl.

2021-nji ýylyň iýulynda Berdimuhamedowa täze binalaryň taslamalaryny görkezdiler.

Olaryň käbiri häzir adamlaryň ýaşaýan ýerleri.Mysal üçin, geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatdaky Saparmyrat Nyýazow we Atamyrat Nyýazow şaýollarynyň kesişýän ýerindäki 4 gatly ýaşaýyş jaýlary ýykylmaga başlandy.

Olaryň ýerinde şäher gullugynyň täze binasy gurlar.The post Aşgabatdaky Alabaý ýadygärliginiň golaýyndaky 300 çemesi hususy jaýlar mart aýynda ýykylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenistan ÝUNESKO bilen gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitledi
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI
Türkmenistanyň geljekki prezidenti: Serdar Berdimuhamedow kim?