Aşgabatda ýyladyş turbalary gyssagly çalşylýar; Türkmenbaşyda ýaşaýjylar aşhana gazy bilen ýylynýar

Aşgabatda ýyladyş turbalary gyssagly çalşylýar; Türkmenbaşyda ýaşaýjylar aşhana gazy bilen ýylynýar

Jaýlary ýylatmak paslynyň golaýlamagy Aşgabatda we beýleki şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň infrastrukturasyndaky kemçilikleri ýene bir gezek ýüze çykardy. Ýurduň dürli künjeklerinde abatlaýyş işleri alnyp barylýar, käbir ýagdaýlarda döwülen turbalar gyssagly abatlanýar. Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky ýagdaý barada hasabat berýärler.

Şu günler Aşgabadyň dürli ýerlerinde turbalary çalyşmak işlerini geçirýän jemagat gulluklarynyň işgärlerini görmek bolýar. Ýyladyş möwsüminiň golaýlamagy bilen ýaşaýyş jaýlarynyň könelen infrastrukturasyna agram artýar we bar bolan kemçilikler ýüze çykýar.

"Düýbünden könelen, posly turbanyň bölekleri çalyşyldy, ol eleme-deşik bolup, ondan birnäçe günläp asfaltyň üstüne suw syzyp çykdy.Bar zady bir günüň içinde çalt oňardylar, turbalary gömdüler we asfalty depip, tekizlediler. Çalasynlyk we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Ýöne ony täze turbalar bilen däl-de, köne poslan turbalar bilen çalyşdylar" - diýip, habarçymyz gören bejeriş işleriniň biri barada 18-nji oktýabrda gürrüň berdi.

Hünärmenleriň sözlerine görä, mesele tutuş ulgamyň çüýremegidir, ony bölekleýin däl-de, eýsem tutuşlygyna çalşylmaly. Bu diňe bir köne ýjaýlarda däl, täze jaýlarda hem ýagdaý şeýle, şol sanda Parahat-7-de we nebit-gaz pudagyna degişli ýaşaýyş jaýlarda. Olar gurlanda we abatlananda köplenç täze däl-de, köne turbalar goýulypdyr.

"2007-nji ýylda Parahat etrapçalarynda we beýleki ýerlerde gowy metal turbalary tas mejburlyk bilen plastmassa turbalara çalyşylanda we ýaşaýjylardan täze turbalar üçin pul talap edenlerinde, sistemda su aýanyşygyna zeper ýetirilipdi. Şonuň üçin köp jaýlarda ýyladyş kadaly işlemedi. Şonuň üçin gyşda köp öýde üçekdäki turbalardan suw akyp çykdy" - diýip, Aşgabatly söhbetdeşimiz gürrüň berýär.

Kwartiralarda ýyladyş batareýalarynyň ýoklugy ýene aýratyn bir mesele bolup durýar. Ýaşaýjylaryň köpüsiniň öýlerinde batareýa ýok, diňe esasy turbalar galypdyr.

“Kwartiralaryň köpüsinde ýyladyş ýok, turbalar çalşylanda radiatorlar hem aýrylypdy we ýaşaýjylaryň köpüsi ýyladyş sistemasynyň peýdasyz bolany üçin radiator gurmandylar, emma onsuzam işlemeýän ýyladyş hyzmaty üçin olardan töleg talap edilýär. Hut şu maksat bilen, kommunal hyzmatlary üçin töleglerine ýyladyş üçin tölegi hem goşdular" diýip, - diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy aýdýar.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary batareýalaryň köplenç işlemeýändigini, turbalaryň dykylýandygyny, ýarylyp, posly we hapa suwlaryň jaýlara joşýandygyny aýdýarlar. Köp adam sandan çykan turbalary täze pes hilli plastmassa turbalary bilen çalyşýar, köpüsinde gymmat bahaly çoýun turbalary satyn almak üçin serişdesi ýok.

Döwlet metbugatynyň habarlarynda ýurtda gyş paslynyň ýyladyş möwsüminde jemgyýetçilik hyzmatlarynyň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin çäreleriň görülýändigi aýdylýar. Awgust aýynda ýyladyş döwründe ulgamlaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin paýtagtyň etraplarynyň birinde möwsüme taýýarlyk görlendigi habar berlipdi.

Türkmenistanda ýyladyş möwsümi adatça oktýabr aýynyň ortalarynda başlanýar.

Muňa garamazdan, Türkmenbaşyda ýyladyş möwsümine taýynlyk göze ilmeýär. Azatlygyň ýerli habarçysynyň sözlerine görä, öňki ýyllardan tapawutlylykda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary we beýleki döwlet edaralary üçin ýyladyş ulgamy entek taýyn bolmandyr.

"Eýýäm 18-nji oktýabr bolsa-da, döwlet edaralarynda ýyladyş ýok, ýaşaýyş jaýlaryň ýyladyş ulgamy entek taýyn däl. 1, 3, 4, 5, 8, 16, 28-nji çagalar baglarynda ýyladyş ýok, çagalar esasanam ertirlerine üşeýär. Mekdep otaglarynda-da sowuk. Näsag okuwçylar kän" - diýdi Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Howanyň temperaturasy kem-kemden peselýär, soňky günlerde Türkmenbaşyda irden gün diňe + 6 ° + 10 ° çenli gyzýar.

Ýaşaýyş jaýlarynda-da sowuk. Ýerli ýaşaýjylar öýlerini ýylatmak üçin aşhananyň nahar bişirilýän gaz gözeneklerini işledýärler.

"Köp adam jaýlaryny ýylatmak üçin gaz peçlerini açýar, bu sebäpli betbagtçylyklar ýygy-ýygydan bolýar. Diňe bir hepdäniň içinde azyndan 4 sany ownuk ýangyn hasaba alyndy" diýip, Azatlygyň habarçysy ýerli ýangyn söndürijileriniň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Şol ýangynlaryň biri, hususan-da, Şagadam köçesindäki 10-njy jaýda we Azady köçesindäki 5-nji jaýda bolupdyr. Ýangyn söndürijileriň bellemegine görä, bu wakalaryň hemmesi ýaşaýjylaryň jaýy ýylatmak üçin gaz peçlerini ulanmagy, şol sanda eşikleri guratmagy sebäpli ýüze çykypdyr.

Bu aralykda, şäheriň ýyladyş ulgaymynyň işgärleriniň sözlerine görä, olara ýyladyş möwsümini başlamak barada buýruk entek berilmändir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Marynyň hassahanalarynda gelinler "ýerde çaga dogurmaga mejbur bolýar"
Aşgabadyň hassahanalarynda näsaglardan soralýan “aklygyň” möçberi $500-e ýetýär
Grek sebitinde ýangyn howpy
Russiýanyň günortasynda tokaý ýangynlary başlady
Bahreýnde Bolan Ýangynda 25 Dükan Ýandy
Taýlantda mal bazarynda ýangyn boldy