Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi

26-njy noýabrda Aşgabatdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 28-nji noýabrda türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň öňüsyrasynda, YHG-a agza döwletleriň işewürlik maslahaty geçirildi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň Söwda-senagat edaralary hem-de guramanyň Sekretariaty tarapyndan guraldy.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahat halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädime öwrülip, YHG-a agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekillerini ýygnady.

Onuň işine 170-den gowrak wekil gatnaşyp, olardan 40-sy daşary ýurtly işewürler, 138-si Türkmenistanyň wekilleridir. Şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlaryndan 270-den gowrak telekeçi forumyň işine sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Daşary ýurtly işewür toparlary bilen giň we köpugurly gatnaşyklar dünýä bileleşiginiň, iri maýadarlaryň giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, yklymyň ykdysady ýollarynyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga gyzyklanmasyny tassyklaýar.

YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Saýed Ýahýa Aklaki işewürler maslahatyny açyp, mähirli kabul edilendigi hem-de däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini aýdyp, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 28-nji noýabrda geçiriljek XV sammitiniň söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde, sebit syýasatyny sazlaşdyrmakda möhümdigini belledi.

Maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, ulag we logistika hyzmatlarynyň kömegi bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlere aýratyn üns berildi.Umumy mejlis YHG-a agza döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bagyşlandy.

Esasy maksat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gurama giren wagtyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda bu ulgamda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan, ileri tutulýan ugurlarda möhüm meseleler boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Utgaşykly görnüşdäki forumyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, şolaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty, söwda hem-de beýleki ulgamlarda işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek maksady bilen, geljekki anyk ädimler bellenildi.

Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça demir ýol-ýük geçelgesini döretmek boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.Mundan başga-da, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň degişli düzümleri bilen YHG-a agza ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million dollaryndan gowrak bolan ikitaraplaýyn şertnamalara, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 35 million dollaryndan gowrak bolan eksport-import amallary boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Husraw Noziri YHG-nyň güni bilen gutlady
YHG Nobatdan Daşary Ýagdaýda Jemlenşer
Dana şahyryň döredijilik taglymaty
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Türkmenistan YHG ýurtlaryna gaz we elektrik üpjünçiligini artdyrmaga taýýardygyny mälim etdi
Türkmenistanyň Prezidenti elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp düzmegi teklip etdi