17-19-njy noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 17-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safariniň sözlerine salgylanyp, IRNA habar berdi.
Nobatdaky mejlisiň maksady iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekden we pugtalandyrmakdan ybarat diýip, Mehdi Safari belledi.
Mejlisiň dowamynda taraplar dürli ugurlarda, hususan-da, ulag-üstaşyr logistika, energetika, gaz, söwda we maýa goýumlar, gümrük, bank, maliýe, syýahatçylyk, saglygy goraýyş hem-de oba hojalygy ýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Mejlis bilen ugurdaşlykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda eýran önümleriniň Iran Project atly sergisi guralar. Oňa 100 töweregi eýran kompaniýasy gatnaşar.