30-njy oktýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garaldy we onuň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen ugurlary kesgitlenildi. Özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi.
Iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň — ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam eden duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, energetika, ulag, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda, bank we maýa goýum pudaklarynda, işewürlik ýaly ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, täze girdejili pudaklary döretmek, ýokary hilli we eksport ugurly önümleriň täze görnüşlerini öndürmek maksady bilen, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň we maksatnamalaryň hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy.
Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Russiýanyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň arasynda hem birnäçe duşuşyklar geçirildi.