28-nji noýabrda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň XV sammiti geçdi.
TDH-niň habaryna görä, 1992-nji ýylda YHG agza bolan Türkmenistan 2021-nji ýylda YHG ýolbaşçylyk edýär.
Sammit 19-njy noýabrda açylan kaşaň “Garagum” myhmanhanasynda geçdi.
Sammitde eden çykyşynda prezident Berdimuhamedow ulag we energiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy, şeýlede TOPH gaz geçirijisi, TOP elektrik geçiriji we Türkmenistandan Owganystana çekiljek demirýol taslamalary barada gürrüň berdi.
Hususanda, Türkmenistan Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gürjüstan-Türkiýe ulag ýollary bilen gyzyklanýar.
Owganystan barada gürrüň eden Berdimuhamedow goňşy ýurda gyssagly zerur we täsirli ynsanperwerlik kömek bermäge çagyrdy.
Ol özära söwdany we işewür töwerekleriň özara hereketlerini, şeýlede saglyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen gyzyklanýandygyny hem sözüne göşdy.
Soňra YHG-niň baş sekretary Husraw Noziri çykyş edip, hiç bir töwekgelçiliksiz, howpsuz söwda şertlerini döretmek we operatiw ykdysady transaksiýalary amala aşyrmagy goldamak üçin gurama agza döwletleriň Merkezi banklarynyň arasynda kliring bileleşigini döretmelidigini aýtdy.
YHG agza döwletleriň wekilleri hem guramanyň çäginde energiýa, ulag, söwda , syýahat, sebitde durnuklylyk we ýokanja garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandyklaryny mälim etdiler.
Täjigistanyň prezidenti Emamoli Rahmon “gurama agza döwletleriň özara söwdasynyň umumy söwda dolanşygynyň bary-ýogy 8 göterimine deň bolup, munuň döwletleriň söwda mümkinçilikleriniň ýeterlik ulanylmaýandygyny görkezýändigini” belledi.
Gazagystanyň premýer-ministri Askar Mamin şu ýylyň 9 aýynda gazak-türkmen söwda dolanşygynyň 43,6 göterim ösüp, 144 million dollara deň bolandygy barada gürrüň berdi.
Ol şu ýylyň 10 aýynda iki ýurdyň Owganystan, Eýran üzerini ulanyp, demirýol arkaly ýükleri daşamagynyň bir million tonnadan geçendigini hem nygtady.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Watançylyk urşunda ýeňiş gazanandygy üçin Azerbaýjany gutlap, munuň sebitde ýagdaýlaryň kadalaşmagyna kömek etjekdigini aýtdy.
Şeýlede Ylham Aliýewi ýeňişi bilen Pakistanyň prezidenti Arif Alwi hem gutlap, Kaşmir meselesini ýatlatdy we sebiti Hindistanyň basyp alandygyny nygtady.
Şeýlede Ärdogan kiprli-türkleri halkara taýdan ykrar etmegiň zerurdygyny aýtdy we “dostlukly hem doganlyk ýurtlary” Demirgazyk Kipr meselesinde Türkiýäniň teklibini goldamaga çagyrdy.
Pakistanyň prezidenti Owganystana abanýan ykdysady betbagtçylygy duýdurdy we eger oňa kömek edilmese, onda ýurtda hem bütin sebitde bulaşyklygyň boljakdygyny sözüne goşdy.
Gepleşiklerden soňra hereketleriň Aşgabat Konsensusyny kabul etdiler.
Oňa görä, hemme zatdan ötri, guramanyň agzalary COVID-19 garşy göreş we onuň sebitiň ykdysadyýetine ýetirýän netijeleri, Owganystana kömek etmek, sebitiň juda pes söwda gatnaşyklarynyň derejesini ösdürmek, söwda hem maýa goýum amallaryny ýeňilleşdirmek, IKT-niň (belki, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar barada gürrüň gidýär-TH-niň belligi) ýaramaz täsirini kemeltmek we kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýarlar.
Mundan başgada,onuň bir bölüminde YHG agza döwletler birtaraplaýyn gadaganlyklary we ykdysady basyşy ret edip, şeýle çäreleriň pidasy bolan agza ýurtlary goldajakdyklaryny beýan edýärler. Bu goldawyň nähili beýan ediljekdigi takyklanmaýar.
2022-nji ýylda YHG ýolbaşçylyk etmek Azerbaýjana geçýär.The post Aşgabatda YHG-niň sammiti geçdi, oňa gatnaşanlar energiýany, söwdany, Owganystany, Covid-19-i maslahatlaşdylar, Ermenistany ýeňişi bilen Azerbaýjany gutladylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.