18 — 27-nji noýabr aralygynda Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Bu hepdelik üçin Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde medeni çäreleriň maksatnamasyny taýýarlady. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 22-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen döredijilik toparynyň wekilleri kirişli saz gurallarynda konsert berdiler.
Dabarada gutlag sözi bilen çykyş eden Germaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns ähli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdi.
Şu gezekki konsertde nemes nusgawy sazlaryna we opera eserlerinden parçalara aýratyn orun berildi.Germaniýadan gelen Klenke kirişli saz topary (kwartet) we dört kirişli kontrabas saz guralyny çalýan, Berliniň döwlet kapellasynyň sazandasy Alf Mozer Gendel, Mosart, Weber, Şuman Ştraus, Reger we Legar ýaly saz sungatynyň ägirtleriniň nusgawy eserlerini ýerine ýetirdiler.
Klenke kwarteti 30 ýyldan bäri nemes sazlaryndan ybarat çykyşlary bilen Germaniýada we dünýäde giňden tanalýar.Döredijilik toparynyň agzalary — skripkaçylar Annegret Klenke, Beate Hartmann, alt saz guralynyň ussady Iwonn Ulemann we wiolençelçi Rut Kaltenhoýzer nusgawy sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Opera aýdymçysy Narine Ýegiýanyň aýdan aýdymlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde 24-nji noýabrda Italiýanyň Antonio Flinta Trio döredijilik toparynyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda guralan konserti Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin ýene-de bir ajaýyp sowgat boldy.
Kompozitor we pianinoçy Antonio Flintadan, deprekçi Klaudio Joanniniden, kontrabasçy Roberto Buççiden ybarat topar jaz sungatynyň jadylaýjy owazyny duýmaga mümkinçilik berdi.Italiýaly sungat ussatlarynyň türkmen sazandalary bilen bilelikde ýerine ýetiren Güýz ýapraklary, Dünýä bilen bir boluň! ýaly jaz sungatynyň ajaýyp eserleri tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Konsertde türkmen aýdym-saz sungatynyň nusgawy eserleri hem ýerine ýetirildi.
Ýeri gelende bellesek, Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Antonio Flinta Trio döredijilik topary ýurduň sungat ugurly ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, şeýle-de paýtagtymyzyň medeni merkezlerinde jaz sungaty bilen gyzyklanýanlar üçin ussatlyk sapaklaryny hem berdiler.
25 — 27-nji noýabr aralygynda bolsa Aşgabat kinoteatrynda we Fransiýanyň ilçihanasynyň Fransuz institutynda ýewropa filmleriniň we multfilmleriniň görkezilişleri guralar.