Aşgabatda ýene nagt pul ýetmezçilik edýär. Banklarda (indi bankomatlar binanyň içinde ýerleşýär) nobatlar emele gelýär. Pul çekmegiň çägi 800 manada deň diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.
Diňe iri söwda merkezlerinde we supermarketlerde karta bilen hasaplaşmak mümkin. Bu ýerlerde bahalaryň gymmatdygy üçin adamlar nagt pul talap edilýän bazarlardan ýa-da uly bolmadyk hususy dükanlardan söwda-satyk edýärler.
Döwlet dükanlarynyň satyjylary hem karta bilen töleg edilýän enjamyň işlemeýändigine salgylanyp, nagt pul talap edýärler.
Dermanhanalarda karta bilen diňe 100 manada çenli töleg edip bolýar. Şol sanda, 30-njy ýaşaýyş etrapçadaky “Dostluk dünýäsi” dermanhanada rak keselliniň 500 manatdan köp hasaplaşygy nagt däl ýagdaýda tölemegi ret edildi. Dermanhanaçy zenanyň sözlerine görä, diňe 100 manada çenli karta bilen hasaplaşyp bolýar, galanyny nagt pul bilen tölemek zerur.
Türkmenistandaky bankomatlarda nagt pul ýetmezçilik meselesi yzygiderli bar we tiz-tizden ýüze çykýar. Ýurdyň ýaşaýjylary banklara ynanmaýarlar we aýlyklary, garrylyk haklary hem kömek pullary hasabyna geçen badyna,çekmäge çalyşýarlar.
Mundan başga-da,ýokarda ýazylyşy ýaly bahalaryň gymmatdygy üçin adamlar bazarlardan söwda-satyk etmegi makul bilýärler. O ýerlerde karta bilen töleg edip bolýan enjamlar ýok.
The post Aşgabatda ýene nagt pul ýetmezçilik edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.