Aşgabat şäherindäki Türkmenistan kinokonsert merkezinde Ýelena Oreşkinanyň konserti geçirildi. Ol 1973-nji ýylda ilkinji gezek Dostluk atly mekdebiň aýdym-saz toparynyň düzüminde bas gitara bilen sahna çykdy.
Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynyň habar bermegine görä, wideoşekiller bilen guralan konsert aýdymçynyň ähli ýyllardaky ýerine ýetiren eserlerini özünde jemledi. Konsertiň dowam edýän pursadynda Ýelena Oreşkinanyň doglan günüdiginiň aýdylmagy diňleýjiler üçin garaşylmadyk waka boldy.
Oreşkina diňe dürli ýyllardaky estrada aýdymlaryny ýerine ýetirmän, eýsem, öz döreden aýdymlaryny hem ýerine ýetirdi. Olaryň arasynda Meniň ýyllarym aýdymy onuň terjimehalyny beýan etse, Siren reňkli köýnek aýdymy söýginiň beýany bolup ýaňlandy we olaryň ikisi hem diňleýjileri biparh goýmady.
Bu liriki aýdym ýerine ýetirilende Aşgabat tans toparynyň pedagogy Ýelena Geldibaýewanyň we çagalar toparynyň horeografy Allamyrat Saparowyň ýerine ýetiren bal tansy has-da täsirli boldy.
Ýelena Oreşkina Garaşsyz Türkmenistan aýdymyny 1996-njy ýylda Ýaňlan Diýarym! bäsleşigi üçin döredipdi. Bu aýdym oňa şol bäsleşikde ýeňiş getirdi. Şeýle hem özüniň döreden aýdymlarynyň hatarynda ak mermerli paýtagtymyza bagyşlanan Aşgabat aýdymyny hem ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Lukýanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet sirkiniň Altyn Asyr tans toparynyň çykyşy konserte has-da bezeg berdi.
Konsert Doglan günüň gutly bolsun diýen aýdym bilen tamamlandy.