Aşgabatda ýaşaýjylar ÝHD-ni bozandyklary üçin IIM wezipesinden boşadyldy, ol öz wezipesinde dokuz aý galdy

6-njy aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirende,IIM Öwezdurdy Hojanyýazowy wezipesinden boşatdy.

Kiçi Berdimuhamedowyň sözlerine görä, Hojanyýazow IIM-ne ýolbaşçylyk eden döwründe jemgyýetçilik tertip-düzgünlere, ýol hereket howpsuzlygyny üpjün etmäge, şeýlede ýerli polisiýa wekilleriniň işlerine zerur gözegçiligi amala aşyrmady.

“Netijede ilatyň arasynda jemgyýetçilik tertip-düzgün gowşadyldy,sürüjiler ýol hereket düzgünlerini bozýarlar. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny bozan ýagdaýlary hem boldy.

Mundan başga-da ministrlige sanly tehnologiýa gowşak ornaşdyrylýar”diýip prezident nygtady.

Şonuň ýalyda,bellenmegine görä, Hojanyýazowyň işi döwründe goýberen düýpli kemçilikleri üçin berk käýinç yglan edildi, birnäçe gezek duýduryşlar edildi.

Netijede,prezident IIM-ni wezipeden boşatdy.

Işden boşadylmadan soňra baş prokuror Batyr Atdaýew IIM-niň ýol hereket gözegçiligi gullugynda ýol howpsuzlygyň üpjün edilişi baradaky barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Atdaýewiň habaryna görä, 2-nji aprelde Aşgabadyň G.Kulyýew, Andalyp köçelerinde we Gurbansoltan eje şaýolynda geçirilen barlaglarda sagatda 60 kilometr sürmäge rugsat berilýän ýerde tizlik düzgünleriniň gödek bozulandygynyň üsti açyldy.

Baş prokuror sagatda 100 we 180 kilometr tizlikde awtoulag sürüp, kanun bozanlar we jogapkärçilige çekilenler barada onlarça mysal getirdi.Türkmen telewideniýesiniň reportajynda kanun bozujylaryň seslerini titredip ötünç soraýandyklary we mundan buýana ýol düzgünlerini bozmajakdyklaryny söz berýändigi görkezildi.

Mundan owal öňki prezident Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň maslahatyny geçirende,jemgyýetçilige bular ýaly jikme-jikler berilmeýärdi.

Şondan soňra prezident Lebap welaýatynyň polisiýa müdirýetiniň başlygy Muhammet Hydyrowy wezipesinden boşadyp, IIM belledi. Lebap welaýatynyň polisiýa müdirýetiniň başlygy wezipesine podpolkownik Aýmyrat Berdiýew bellendi.

Aýmyrat Berdiýew

Bellesek, Hydyrow IIM bolandan yzysüre IIM-giniň şu ýylyň üç aýyndaky işleri barada hasabat berdi.

Öňki IIM Öwezdurdy Hojanyýazow 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda bu wezipä bellenipdi.Mundan öň ol owalky IIM Mämmethan Çakyýewiň orunbasarydy.The post Aşgabatda ýaşaýjylar ÝHD-ni bozandyklary üçin IIM wezipesinden boşadyldy, ol öz wezipesinde dokuz aý galdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Magtymgulynyň pars diline terjime edilen goşgular ýygyndysy çap edildi
Türkmen oba hojalyk institutynyň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy