Aşgabatda ýaş robototehnikçileriň bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde uly göwrümli bilim taslamasyny ýola goýýar. Ýaşlar guramasynyň web-saýtynda habar berilişi ýaly, 30-njy noýabrynda paýtagtymyzda robototehnika ugrundan zehinli okuwçylary ýüze çykarmaga we goldamaga gönükdirilen “Ýaş robototehnikaçy” atly bäsleşik geçiriler.

Bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeginden umumy bilim berýän mekdepleriň 7-12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler. Çäre ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçiriler.Her ugurdaky ýeňijiler diňe bir Hormat hatlary bilen däl, eýsem gymmatly sowgatlar bilen-de sylaglanarlar.

Gatnaşyjylar 23.11.2024 senesine çenli (https://forms.gle/exCfb7BCqR5gUxKDA) gysga salgynyň üsti bilen öňünden ýazylmalydyrlar. /* custom css */ .td_uid_15_673b2e7f84381_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673b2e7f84381_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýaş robototehnikçileriň bäsleşigi geçiriler
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi
Aşgabatda adaty karate boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty we Kubogy geçirildi
Balkan welaýatynda mugallymlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Robot tehnologiýalary boýunça bäsleşik geçiriler