Aşgabatda ýagan ýagyş ýol hereketini bökdedi

Aşgabatda ýagan ýagyş ýol hereketini bökdedi

Aşgabatda iki günläp güýçli ýagyş ýagdy. Çabgaly howada paýtagtyň köçelerini suw basyp, ýollarda awtoulaglaryň we pyýadalaryň hereket etmek mümkinçiligi çäklendi.

Aşgabadyň köçelerinde we ýaşaýyş jaýlaryň howlularyna, ýer asty geçelgelerde uly mukdarda suw üýşdi, esasan hem ýer asty ulag ýollarynda we köprüleriň pes böleklerinde ýygnanan suw adamyň dyzyna ýetýän kölleri emele getirdi. Bu barada Azatlygyň paýtagtdaky habarçylary we çeşmeleri gürrüň berdi.

"Paýtagtyň ön hem dartgynly ulag akymyndan kösenýän ulag sürüjileri köprülerden geçilýän ýollarda dörän suw köllerinden geçmek üçin örän pes tizlikde sürmäge mejbur boldular" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berýär.

Sürüjileriň öz ulaglaryny pes tizlikde dolandyrmagynyň netijesinde ulag akymynyň uzynlygy kilometrden aşypdyr.

Ýagynly howa şertlerinde ýollardaky suw zerarly dörän dyknyşyklarda awtoulaglaryň arasynda ýeňil we agyr görnüşli ýol-transport hadysalary döreýär.

Azatlygyň çeşmeleriniň ýollan suratlarynda awtoulaglardan doly ýollary we bir-birine dyknyşyp duran transport serişdeleriniň arasynda ýol hadysasyna uçran ençeme ulaglary görmek mümkin.

Habarçylaryň sözlerine görä, güýçli ýagyn 23-nji oktýabrda irden hem heniz dowam edipdir.

Aşgabatly ýaşaýjylar ýagyn zerarly dörän ýol hadysalarynda şowsuzlyga uçran awtoulaglara zyýan ýeten bolsa, dyknyşyklarda durýan beýleki sürüjileriň hem zyýana galýandygyny we wagtyny ýitirýändigini belleýärler.

"Sürüjileriň wagty gidýär hem ýangyç çykdajysy köpelýär. Emelsiz hökümet her ýyl pasyl çalyşygynda döreýän tebigy hadysalara öňünden taýýarlyk görmeýär. Her gezek hem paýtagtda tebigy hadysalaryň netijesinde dürli nogsanlyklar ýüze çykýar we ýaşaýjylara oňaýsyzlyk döredýär. Bu yzly-yzyna gaýtalanyp durýar" diýip, paýtagt ýaşaýjysy aýdýar.

Aşgabatda şäher infrastrukturasy, şol sanda ýollar yzygiderli täzelenýär. Ýurt häkimiýetleri paýtagtyň gurluşyk syýasatyna aýratyn ähmiýet berilýändigini we maddy serişdeleriň ýatyrylýandygyny aýdýarlar.

Gurluşyk boýunça paýtagtly bilermenler bolsa, iri infrastruktura proýektleriniň şäheriň ýerleşýän ýeriniň tebigy aýratynlyklaryny hasaba almazdan gurulýandygyna ünsi çekýärler, şol sanda ýollaryň gyralarynda we ýaşaýyş jaýlaryň töwereklerinde suw üýşmez ýaly ýörite akabalaryň göz öňünde tutulmaýandygyny, öňden bar bolan akabalaryň hem gömülýändigini belleýärler.

Şu ýyl maýda ýagan güýçli çabga zerarly paýtagty we onuň töweregini suw basypdy. 15-nji maýda köçelerde sil bolup akan suw gidere ýeri bolman üýşüp durdy, seýilbaglardaky agaçlar ýarym metre çenli suwda durdy.

14-nji maýda Maryda ýagyn zerarly, Tagtabazaryň golaýyndaky demirýoluň bir bölegi opuryldy.

Döwlet habar beriş serişdelerinde tebigy hadysalar barada habar we duýduryş çap edilmeýär. Türkmen häkimiýetleri ýagynlaryň ilata ýetirýän täsirlerini we maddy zyýanyny agzamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ahal welaýatynda we paýtagtda ýagyş uly zyýan ýetirdi
Aşgabatda we onuň golaýynda güýçli ýagyn ýagyp, ýollary suw basdy
Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi
14-15-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Tagtabazarda sil ýüzlerçe öýi ýumurdy