Aşgabatda Wena joşgalaňy: on ýyldan soň

Aşgabatda Wena joşgalaňy: on ýyldan soň

On ýyl mundan öň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda ilkinji Wena joşgalaňy geçirildi.Ol ýubileý ýylyň iň dabaraly wakalarynyň biri bolupdy.Awstriýa üçin adaty, Türkmenistan üçin bolsa täzelik bolan bu çäräniň başlangyjyny Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen, Awstriýa Türkmenistan jemgyýeti ýola goýdy.

Bilşimiz ýaly, Awstriýanyň paýtagty ençeme asyrlar bäri dürli-dürli joşgalaňy bilen meşhur bolup, bu aýdym-sazly, walsly dabaraly baýramçylygyndan nusga alýan dünýäniň ençeme şäherlerinde-de geçirilýär.Wena joşgalaňy ÝUNESKO tarapyndan maddy däl medeni miras sanawyna girizilendir.

2011-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Milli medeni merkeziniň Mukam köşgüniň öňündäki meýdança Aşgabatda ilkinji Wena joşgalaňy geçiriljek ýeri hökmünde saýlanyp alnypdy, çünki ol ýerde dünýäniň dürli ýurtlaryndan medeniýet wekilleri birnäçe gezek çykyş edipdiler.

Şondan bäri geçen ýyllarda Wena joşgalaňy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňelmeginde möhüm wakalary alamatlandyrýan Türkmenistan Awstriýa medeni gepleşikleriniň däbine öwrüldi.Meselem, 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen dördünji Wena joşgalaňy Ýewropadaky ýeke-täk Türkmen Awstriýa simfonik orkestri bolan “Galkynyşyň” ýyllyk baýramçylygyna gabatlanypdy.

Wena joşgalaňyna gatnaşmak üçin, Awstriýadan türkmen paýtagtyna tanymal opera bagşylaryny we tansçylary özünde jemleýän ýörite wekiliýet gelipdi.Agşam Iogan Ştrausyň, şeýle hem türkmen kompozitorlary Weli Muhadowyň, Aman Agajykowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň we beýlekileriň eserleri ýaňlanypdy.

Ýene degişli makalalar

11-nji oktýabrda Türkmenistanda 5-nji Wena baly geçiriler
Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler
Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler
Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
24.10.2019 | Aşgabatda IV Wena baly geçirildi
TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY