Aşgabatda we onuň golaýynda bir gijäniň içinde partlama we ýangyn boldy

Aşgabatda we onuň golaýynda bir gijäniň içinde partlama we ýangyn boldy

Aşgabatda we onuň eteginde bir gije-gündizde hem partlama, hem-de ýangyn boldy. Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz media serişdeleriniň maglumatlaryna görä, partlama 24-nji iýulda Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda bolupdyr.

"Sişenbeden çarşenbä geçýän gijesi 11-nji etrapçasynda Magistralnaýa köçesinde umumy ýaşaýyş jaýyň golaýynda ýeriň aşagyndaky gaz turbasy partlady. Gaz syzyp çykdy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri 26-njy iýulda habar berdi.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatynda partlamanyň 24-nji iýulda ir sagat 9 töwereginde bolandygy aýdylýar.

​"Derňewiň wersiýasyna görä, çat açyp, gazyň syzyp çykmagyna gaz turbalarynyň birleşýän ýerleriniň kadaly birikdirilmändigi sebäp bolupdyr" diýip, neşir ýazýar we partlamanyň bolan ýerine yzysüre ýangyn söndürijileriň, gaz gullugynyň, polisiýanyň wekilleriniň we ýokary wezipeli resmileriň barandygyny şaýatlara salgylanyp habar berýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýyň jikme-jiklerini Aşgabadyň administrasiýasyndan we polisiýasyndan anyklap bilmedi.

Bu ýagdaý Türkmenistanyň paýtagtynda soňky 10 günüň içinde iki gezek ýüze çykdy.

Mundan öň 16-njy iýulda Aşgabadyň 10-njy etrapçasynda ýaşaýyş jaýda partlama döredi. ​Şonda turkmen.news neşri partlamanyň netijesinde adam pidalarynyň bolandygyny habar beripdir.

Azatlyk Radiosy partlamalaryň sebäplerini resmi çeşmelerden anyklap bilmedi. Aşgabatdaky partlamalar häkimiýetleriň tutuş ýurt derejesinde gaz ölçeýji gurallary oturtmak boýunça kampaniýasynyň dowam edýän döwründe ýüze çykdy.

Türkmenistanda ilata 25 ýyllap mugt berlen gazy, suw we elektrik energiýasy bilen bir hatarda tölegli etmek boýunça geçen ýylyň güýzünde kabul edilen karardan soň, hasaplaýjy gurallary oturtmak boýunça işler köpçülikleýin häsiýete eýe boldy. Gaz ölçeýji gurallar ýaşaýjylaryň hasabyna gyssagara oturdylýar, olardan gazyň syzýan halatlary ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, 23-nji iýuldan 24-nji iýula geçýän gije Aşgabadyň etegindäki karton-kagyz öndürýän kärhanada ýangyn bolupdyr.

"Bu kärhana Aşgabatdan demirgazykda Çoganlynyň aňrysynda Owadandepä has ýakyn ýerleşýärdi. Ýangyna sezewar bolan kärhananyň hususy bolmagy ähtimal. Kärhana karton öndürýärdi" diýip, Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, kärhana tas dolulygyna ýanypdyr.

"Taýýar önüm saklanýan sklad, çyg mal sklady we önümçiligiň özi ýandy" diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.

Bu kärhanada ýangynyň döremeginiň sebäplerini häzire çenli anyklap bolmady. Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýangyn boýunça derňew geçirilýär.

Aşgabadyň 11-nji etrapçasynda 24-nji iýulda bolan partlama we paýtagtyň eteginde karton-kagyz öndürýän kärhanada bolan ýangyn Türkmenistanyň resmileri tarapyndan agzalmady, bu ýagdaýlar barada döwlet habar serişdeleri tarapyndan habar berilmedi.

​Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
18.08.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Magistral turbageçiriji ulag desgalarynyň gorag zolaklarynyň Tertibi hakynda resminama taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar
Owganystanyň üstünden gaz geçiriji gurmak: hakyky proýektmi ýa-da hyýal?
2018-nji ýylda Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän kärhana işe giriziler
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýän kanunlar