Aşgabatda we Daşoguzda söwdegärler harytlary arzan bahadan satmaga mejbur edilýär

Aşgabatda we Daşoguzda söwdegärler harytlary arzan bahadan satmaga mejbur edilýär

Aşgabadyň bazarlarynda söwdegärler azyk harytlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen, arzanladylan nyrhdan satmaga öňküsi ýaly mejbur edilýär. Şol bir wagtda-da, polisiýanyň we resmileriň bu talabyň berjaý edilişine gözegçilikleri, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky döwür bilen deňeşdirilende, birneme gowşady.

Bu barada “Hronika Türkmenistan” neşiri özüniň ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp habar berýär.Neşiriň 13-nji fewralda çap eden habaryna görä, Daşogzuň bazarlarynda kesgitli nyrhlar hususy söwdegärleriň tekjelerinde hem ýerleşdirilipdir.

Gözegçiligiň gowşadylmagyndan peýdalanyp, söwdegärler harytlary görkezilen nyrhyň üstüne ýene 1 manat goşup satýarlar. “Mysal üçin, mandariniň 1 kilogramynyň 6 manada barabardygy barada nyrh görkezilen bolsa-da, ony 7 manatdan satýarlar. 1 kilogram apelsin 8 manada, armyt we kiwi 9 manada barabar” diýlip, neşiriň habarynda aýdylýar.

Neşir etiň söwdasy bilen bagly ýagdaýyň bolsa düýbünden başgaçadygyny belläp, şeýle diýýär: “Et tekjesinde etiň 1 kilogramynyň 18 manada barabardygy barada nyrh görkezilipdir. Ýöne bu nyrha söwdegärler diňe süňki we azajyk hem eti çekip berýärler. Çylka etiň 1 kilogramy 30 manada durýar”.

Mundanam başga, neşir ýanwar aýynyň ahyryndan başlap Aşgabadyň döwlet eýeçiligindäki azyk dükanlarynda “Ahal” ösümlik ýagynyň satuwynyň bes edilendigini aýdýar. “Häzirki wagt “Ahal” ýagy diňe welaýatlarda we Aşgabadyň etegindäki Bagyr, Köşi we Gökje ýaly obalarda satýarlar. Ösümlik ýagynyň 1 litrini 3,4 manatdan däl-de, 5 manatdan satýarlar. “Ahal” ýagynyň satuwyna irden sagat 7-de başlanylýar we aradan bir sagat geçip-geçmänkä hem gutarýar” diýip, neşir öz ýurt içindäki habarçysyna salgylanyp ýazýar.

Aşgabadyň we ýurduň käbir welaýatlarynyň bazarlarynda hususy söwdegärleriň azyk harytlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen, arzan nyrhdan satmaga mejbur edilýändigi barada soňky aýlarda Azatlyk Radiosy hem birnäçe gezek habar beripdi. 11-nji fewralda bu talap howly jaýlarda tamdyr çöregini bişirip, Aşgabadyň bazarlarynda satýan çörek söwdegärlerine hem gelip ýetipdi. Şonda şäheriň “Teke” we “Älemgoşar” ýaly bazarlaryndaky çörek tekjelerinde ortaça 500 gram agramy bolan tamdyr we süýtli çöreginiň 3 we 5 manatdan däl-de, 1 manatdan satylmalydygy barada ýörite bildiriş asyldy. “Bazar administrasiýasy we beýleki şäher edaralarynyň resmileri satyjylara çöregi 1 manatdan artyk satan adamlaryň elinden çörek satýan tekjeleriniň alynjakdygyny hem-de administratiw jeza çäresi hökmünde azyndan 400 manat möçberinde pul jerimesiniň salynjakdygyny duýdurdylar” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň beripdi.

Bu talap tamdyr çöregini satýan söwdegärleriň ençemesiniň öz işini togtatmagyna we bazarlardaky çörek tekjeleriniň deň ýarysynyň ýapylmagyna getirdi. 9-njy ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki “Daýhan” bazarynda etiň söwdasyna ýörite gulluklarynyň raýat egin-eşigindäki işgärleri tarapyndan gözegçilik edilip başlanyp, söwdegärlerden bahalary aşaklatmak we döwlet tarapyndan kesgitlenen nyrhdan satmak talap edildi. “Bazarda et söwdasyny edýän söwdegärler etiň 1 kilogramyny 18 manada satmaga mejbur edilýär.

Hakykatda etiň 1 kilogramynyň bahasy 30 manada barabar” diýip, habarçy bu talap sebäpli et söwdegärleriniň aglabasynyň öz işini bes edendigine hem gürrüň beripdi.Soňky ýyllarda Türkmenistanda azyk harytlary yzygiderli gymmatlaýar.

Munuň bilen bir wagtda, ýurtda un, çörek, şeker, ösümlik ýagy, ýumurtga we towuk eti ýaly azyk önümleriniň gytçylygy hem dowam edýär.Bu gymmatçylygyň we gytçylygyň fonunda, ýurduň paýtagtyndaky we käbir regionlaryndaky türkmen häkimiýetleri azyk harytlarynyň nyrhlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen, arzan bahadan satmak boýunça tagalla edýärler.

Bu tagallalar soňky iki aýa golaý wagtyň dowamynda has-da güýçlendi.Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary bilen söhbetdeş bolýan söwdegärler azyk önümlerini häkimiýetleriň kesgitlän bahasyndan satsalar, onda özleriniň peýda görmegiň deregine zyýan çekjekdiklerini aýdyp, bu talabyň ýurduň häzirki ykdysady ýagdaýyna hem-de bazar we söwda şertlerine gapma-garşy gelýändigini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Bagyrda hususy jaýlar ýykylýar
Çeşmeler: Bagyrda, Gökjede jaý ýykyp Aşgabat-sitini gurmak planlaşdyrylýar
Paýtagtyň Magtymguly köçesinde ýaşaýyş jaýlar ýumrulýar
Buzmeýinde ýumrulýan jaýlaryň ýaşaýjylayna Arkadagdan jaý hödürlenýär
Türkmenistanyň halk artisti Begli Babanyýazow 95 ýyllygy (1928-2006)
Türkmenistanda çagalaryň ösüşine gözegçilik etmek üçin elektron ulgam döredildi
Aşgabatda köpgatly jaýda äpet bürgüt ýaşaýjylary gorkuzýar