
Şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Esen Aýdogdyýewiň sözlerine salgylanyp, TASS habar berýär.
Şeýle-de, ilçi E.Aýdogdyýew deslapky meýilnama laýyklykda, Russiýanyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde geçirmekligiň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.
Ilçiniň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri geçiriler.