Aşgabatda we Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme we dem alyş ýollary keselleri ýaýraýar

Aşgabatda we Balkanda aşa yssy howa şertlerinde içgeçme we dem alyş ýollary keselleri ýaýraýar

Şu günler Türkmenistanda howanyň temperaturasy gündizlerine 40 gradusdan aşýan mahaly, adamlaryň jan saglygy babatynda ýiti meseleler ýüze çykyp başlady. Aşgabatda we Balkan welaýatynda raýatlaryň, hususan-da çagalaryň arasynda güýçli içgeçme we dem alyş ýollary keseli ýaýraýar. Türkmen häkimiýetleri aşa yssy howanyň ilat arasyndaky netijelerini agzaman, öňümizdäki günlerde ýurtda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumaty bermek bilen çäklenýärler.

“Howanyň gyzmagy bilen, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerindäki çagalaryň arasynda wirusdan bolýan gyzdyrma, içgeçme keselleri ýaýraýar. Çagalaryň arasynda gyr näsaglar hem köpeldi. Ölüm hadysalary hem hasaba alynýar” diýip, welaýatyň saglyk bölüminiň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Syrkaw çagalaryň köpüsine hassahanalarda ýatyp bejergi almak maslahat berilýär. Ýöne näsaglaryň köpdügi sebäpli keselhanalarda ýer tapdyrmaýar.

Näsaglar hassahanalaryň we saglyk öýleriniň daşynda nobata durup, jokrama yssyda lukmanyň kabulyna garaşýar.

“Lukmanlar ýetişip bilmeýärler. Girelgeler hem doly. Şu günler köp hassahana bazar ýerini ýadyňa salýar. Lukmanlar syrkaw çagalaryň köpüsine antibiotikleri ýazyp berip, öýlerinde bejergi almagy tabşyrýarlar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Aşgabatdaky habarçymyz hem, aşa yssyda paýtagtda dem alyş ýollary arkaly ýokuşýan keselçiligiň juda köp adamyň, esasanam çagalaryň arasynda ýaýraýandygyny habar berýär.

Ýerli maşgala lukmanlarynyň birnäçesiniň aýtmagyna görä, bu syrkawlary iki topara bölüp bolýar. Olaryň birinji topary burnuň akmagyndan, üsgülewükden, gyzzyrmadan şikaýat edýär. Ikinji topar bolsa, ýürek bulanmadan, içege agyrysyndan we ysgynsyzlykdan ejir çekýär.

“Bu iki toparda hem, keselçiligiň aram we agyr görnüşleri bar. Häzir paýtagtyň ýokanç keseller hassahanasy ikinji görnüşdäki näsaglar bilen doly. Bu näsaglar içege agyrysyndan we içgeçmeden ejir çekýärler” diýip, ýerli lukman habarçymyza gürrüň berdi.

Maşgala lukmanlary näsaglaryň köpüsiniň öýünde bejergi alýandygyny hem aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, köp çaganyň saglyk problemalary üç gün dowam edýär we şondan gowulaşyp başlaýar.

“Şu sebäpli ene-atalar hassahanalara ýüz tutmaýarlar” diýip, lukman belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň we Balkanyň saglyk bölümlerinden we ýokanç keseller hassahanalaryndan kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, paýtagtdaky habarçymyz keselçiligiň ýaýramagy bilen, şäheriň dermanhanalarynda derman satyn almak isleýän adamlaryň uly nobatlarynyň emele gelendigini hem aýtdy.

“Dermanhanalaryň we Tiz kömek gullugynyň işgärleri gaýtadan maska dakynyp başladylar” diýip, habarçymyz belledi.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde indi bir hepde gowrak wagt bäri aşa yssy howa akymy dowam edýär. Azatlyk bu döwürde keselhana düşýän çagalaryň we garrylaryň sanynyň göz-görtele köpelendigi, köpçülikleýin gyrylýan mallar, käbir edaralarda işgärleriň “gysgaldylan iş sagady”, çenden aşa yssy howanyň köçeleriň asfaltyny we elektrik simleri eredýändigi, munuň bilen bagly ilatyň elektrik üpjünçiligindäki problemalar barada habar berip gelýär.

Häkimiýetler we resmi media aşa yssy howanyň ilat arasyndaky netijeleri barada hiç zat aýtman gelýärler. “Watan” habarlary gepleşiginiň 19-njy iýulda efire berlen sanynyň soňunda-da, hiç hili aýdyňlaşdyryjy jikme-jikler berilmezden, ýurtda “hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmek maslahat berilýär”.

Ýurduň esasy “Türkmenistan” gazetiniň soňky sany hem, 20-nji iýulda ýurtda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada maglumaty bermek bilen çäklenip, iň ýokary temperaturanyň 40 gradus boljakdygy we munuň Lebap welaýatynda hasaba alynjakdygy bellenilýär.

Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 19-njy iýulda çap eden habarynda Türkmenistanyň ençeme sebitinde aşa yssy howanyň dowam edýändigini, Lebabyň käbir sebitlerinde temperaturanyň 46 gradusa çenli ýetýändigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda möwsümleýin dümew keseliniň täze tolkuny ýaýraýar
Onkologiýa näsaglary hassahanalardaky hyzmatlaryň 'howpludygyny' aýdýarlar
Saglyk pudagyndaky 'näsaglyklar' hökümet öwünjeňliginiň 'aşagynda galýar'
Türkmenbaşyda dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri bilen keselleýän çagalar köpelýär
Aşgabatda tagtabit ýene köpelýär
Dostlukly Zähmet dermanhanasy önümleriniň görnüşini artdyrmagy dowam etdirýär