Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketlerini yzarlamak üçin Duralga goşundysyna täzelemeler girizildi

Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketlerini yzarlamak üçin Duralga goşundysyna täzelemeler girizildi

Android we iOS operasion ulgamlaryna esaslanýan smartfonlaryň eýeleri Duralga programmasynyň birnäçe ýeňilleşdirmeler geçirilen täze görnüşini göçürip alyp bilerler.

Täzelenme ykjam traffigiň sarp edilişini optimallaşdyrdy we awtobusyň ýerleşýän ýerindäki maglumatlaryň täzelenmegini çaltlaşdyrdy. Şeýle hem aşakdaky üýtgeşmeler girizildi: giriş we parol arkaly ygtyýarnama girizildi, tassyklama kody indi 0655 belgiden iberiler, howpsuzlyk we durnuklylyk ýokarlandy, mahabaty kartada we banner görnüşinde ýerleşdirmek ukyby goşuldy.

Duralgany döredijiler ykjam goşundylaryň häzirki zaman aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, programmany mümkin boldugyça amatly etmäge we işleýşini ýeňilleşdirmäge synanyşdylar.

Duralga 2022-nji ýylyň fewralynda işe girizildi. Ol garaşylýan awtobusyň ýoluny öwrenmegi ýönekeýleşdirýär we şäherdäki iki nokadyň arasynda iň gowy ýoly saýlamaga kömek edýär.

Duralga bilen Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketine hakyky wagtda gözegçilik edip bilersiňiz. Goşundy GPS bilen işlemek arkaly bu maglumatlary şäheriň elektron kartasynda görkezip, her ulagyň ýagdaýyny takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Ulanyjylar indi garaşylýan awtobusyň şol wagtky ýerleşýän ýerini görüp we belli bir duralgada gelýän wagtyny hasaplap bilerler. Bu köçede uzak garaşmak zerurlygyny aradan aýryp, öýden ýa-da ofisden çykmaly wagty has takyk meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Goşundyny göçürip almak üçin aşakdaky salgylardan peýdalanyp bilersiňiz:

Ýene degişli makalalar

Duralga mobil goşundysynyň näsazlyklary aradan aýryldy
Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TSTB sergisi öz işini 18-nji aprele çenli dowam eder, Duralga priloženiýasynyň işinde tehniki näsazlyklar ýüze çykdy, Setanta Sports Bellator 277-de Ýagşymyradowyň söweşini görkezer we beýleki täzelikler
Aşgabadyň ýaşaýjylary indi şäheriçi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlap bilerler