Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryndaMedeniýet we sungat işgärleriniň gününi premýera bilen garşylamak däbe öwrülipdir. Bu gezek Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri režissýor Aýnazar Batyrow Ruhubelentler“ operasyny goýdy.
Sentýabr aýynda başlanýan ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlary döredijilik toparyny simwolik at bilen sahna eserini goýmaga ruhlandyrdy.
Sport bilen opera sazlaşarmyka? -diýen sowal ýüze çykanda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ozal şeýle sahna oýnunyň goýlandygyny aýdyp, gyzykly ýordum teklip etdi: biz indiki boljak wakalaryň şaýady bolmaly.
Operanyň sazyny ýazmagy nusgawy we folklor eserleriniň muşdagy Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nurygandym Hojamuhammedow bilen estrada sazlaryny döredýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowdan haýyş etdiler. Olar milli saz sungatynda öňden gelýän ýollar bilen täzeçilligi sazlaşykly utgaşdyrmagyň hötdesinden gelipdirler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatry ýylyň garaşylýan premýerasyna muşdaklardan dolydy. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygndaky Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestri operanyň döwrebapdan ýeňiljek, milli girişini ýerine eýtirýär.
Perde galdyrylýar, sahnada V Aziadanyň açylyş dabarasy ýaýbaňlanýar. Waka paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde bolup geçýär. Türgenleriň keşbini Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň horunyň we Türkmenistanyň döwlet horunyň aýdymçylary döredipdirler. Operanyň baş gahrymany, konserwatoriýanyň talyby Şirin çagalyk dosty, konkurda şowly çykyş edýän Merdana duşmagyň arzuwynda.
Ol söweriniň gözlegine çykyp, Merdanyň atyna seredýän we zehinli türgene aşyk bolan mal doktory Keýigi tapýar. Keýik owadandan zehinli aýdymçynyň özüne bäsdeşligini aňan dessine, onuň Merdan bilen duşuşmagyna päsgel berjek bolýar.
Ýöne çyn aşyklara böwet bolubiljek zat ýok ahyry. Şirin bilen Merdan türgeniň ömründäki wajyp ýaryşynyň öň ýanynda duşuşýarlar. Merdan söwerine: Ýeňiş üçin maňa ylham ýetmeýärdi. Saňa duşanym bäri tutuş süňňüm-bedenim aýdyma zowladýar. Indi ýeňjegimi bilýärin, oňa-da sen sebäp!“—diýýär.
Şiriniň partiýasyny Seli Bekiýewa, Merdanyňkyny-Begdurdy Çerkezow ýerine ýetirdiler. Olaryň ikisem konserwatoriýanyň talyplary. Dogrusy, Ruhubelentler“ operasyna talyplar operasy diýse-de boljak, sebäbi onda konserwatoriýanyň we Daňatar Owezow adyndaky döwlet sazçylyk mekdebiniň aýdymçylary-da gatnaşýarlar.
Tanymal sungat ussatlary, gahrymayň atyny seýisleýän parasatly seýisiň keşbini döreden Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen şadyýan we işi hemişe şowuna halk gahrymany, keşbi nesilleriň dowamatlygyň nyşany bolan Göroglynyň keşbini döreden Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarow öz altyn“ owazlary bien Aziada operasynyň“ şowly çykmagyna ýardam etdiler.
Baletmeýsterleriň üçüsi--Türkmenistanyň at gazanan artisti Läle Altyýewa, Sabyr Aşyrow we Laçyn Orazowa dagy operanyň horeografiýasyna sport çykyşlarynyň elementlerini sazlaşykly goşmagy başarypdyrlar.
Ruhubelentler“ operasynda sport we ýaşlyk joşguny duýulýar.Owadan saz, aýdymçylaryň ussatlygy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradowyň jüpüne düşen sahna bezegi we Keýik Hojaýewanyň döreden gahrymanlaryň gelşikli egin-eşikleri tomaşaçylara açylmazyndan birnäçe aý öň uly wakanyň şaýady bolmaga mümkinçilik berdi.Milli operamyzyň taryhynda täze sahypa açan täze oýny döredenleriň ählisini tomaşaçylar dowamly el çarpmalar we gül desseleri bilen mübäreklediler.