"Aşgabatda üýtgeşikligiň boljagyna umyt edýärin, ýöne munuň üçin olar çagyryşlaryň hötdesinden gelmeli" - Edward Lemon

"Aşgabatda üýtgeşikligiň boljagyna umyt edýärin, ýöne munuň üçin olar çagyryşlaryň hötdesinden gelmeli" - Edward Lemon

Türkmenistan daşary ýurtlulary, hususan-da syýasy prosesleri öwrenýän günbatar hünärmenlerini we analitikleri ýurda göwünsiz goýbermekde tanalýar. Ýöne, örän seýrek ýagdaýlarda hem bolsa, Türkmenistany we Merkezi Aziýa sebitini öwrenýän belli hünärmenler, her niçik-de bolsa, käte Türkmenistana baryp görmegi başarýar. “Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Oksus jemgyýeti” diýlip bilinýän ylmy-barlag merkeziniň prezidenti we Tehas uniwersitetiniň Merkezi Aziýada howpsuzlyk, terrorçylyk, din we migrasiýa meselelerini öwrenýän professory, doktor Edward Lemon ýakynda, terrorçylyga garşy konferensiýa gatnaşmak üçin, Aşgabat şäherine sapar etdi.

Doktor Lemon Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda özünde dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birine eden saparyndan galan täsirleri paýýlaşdy we ýagdaýyň kem-kemden üýtgeýändigini öňe sürdi.

Edward Lemon: Bu meniň Türkmenistana eden ilkinji saparym boldy, elbetde, bu barmasy gaty kyn ýurt.Hususan-da Merkezi Aziýadaky awtoritarizmi, adam hukuklaryny we howpsuzlygy öwrenýän ylmy-barlagçy üçin bu ýurda barmak adatdan daşary çylşyrymly bolmagynda galýar.

Gynansagam, Türkmenistan ýeterlik öwrenilmedik ýurtlaryň biri bolup, bu ýurt hakynda ýeterlik makala ýazylmaýar.Hawa, elbetde, siziňki ýaly guramalar Türkmenistanda bolup geçýän wakalary dünýä habar bermekde gaty gowy iş edýär.

Bu meniň üçin bu ýurda baryp görmekde dörän ajaýyp bir mümkinçilikdi.Meniň käbir garaşan zatlarym bardy, aýdaly, şäher merkezindäki (Aşgabatdaky) täze etraplaryň esasan boş bolmagyna garaşypdym.Ol ýerde hakykatda hiç bir durmuş işjeňligi ýok. Ýöne, elbetde, bilşňiz ýaly, şäheriň YouTube-da çap edilýän we ýurt hakynda gürrüň berýän meşhur wideolarynda görülmeýän beýleki ýerleri hem bar.

Bu etrapçalara baryp, ol ýerde has köp durmuşyň bardygyny görmek mümkin.

Azatlyk Radiosy: Olar bu ýagdaýy nähili düşündirýärler? Ýurt paýtagty, hakykatda köp adamly bolmaly şäher näme üçin beýle boş görünýär? Siz adamlaryň nirededigini, nirä gidendigini soradyňyzmy?

Edward Lemon: Hawa, biz bu barada biraz gürleşdik.O taýda hemme ýerde diýen ýaly owadan dükan witrinalary bar we bu ýerde haýsydyr bir söwda bolmaly diýip pikir edýärsiň. Ýöne olara ýakynlaşanyňda, dükanlaryň içiniň boşdugyny görýärsiň.

Onsoň munuň özboluşly bir “Potemkin obasydygyna” göz ýetirýärsiň. Ýöne, öňem aýdyşym ýaly, köp adamly, köp durmuş gaýnaýan etraplar hem bar.Men bu hili kiçi etraplaryň birine baryp bilenime şat boldum.

Meniň eşiden gürrüňlerimden çen tutulsa, iň köp ýaýran düşündirişleriň biri howa bilen bagly, ýagny bar mesele howada.Bu ýer gaty yssy, şu sebäpden adamlar köçelere çykmaýar diýýärler.Dogry, Aşgabat köplenç yssy bolup biler, ýöne men ol ýerde bolan wagtymda beýle yssy däldi, belki-de 20-22 derejedi, köçelere çykmak, gezelenç etmek örän ýakymlydy.

Başga bir düşündirişe görä, adamlar haçandyr bir wagt mikroraýonlardan bu ýere, täze jaýlara göçüp geler diýen pikir aýdylýar.Emma meniň näme üçin munça infrastruktura, munça köp täze jaý guruldy we olary hiç kim ulanmaýar diýen soragyma hiç kim ynandyryjy jogap bermedi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda, belli bolşuna görä, sosial ulgamlaryň ählisi petiklengi bolsa-da, size hemişe Facebookda surat ýerleşdirýärdiňiz. Bu size nädip başartdy? Ýurtdaky internet ýagdaýyny nähili gördüňiz?

Edward Lemon: Men syýahatçylyk myhmanhanasynda ýa-da, daşary ýurtlular üçin diýilýän myhmanhanada ýaşadym. Bu “Yyldyz” myhmanhanasydy. Ol ýerde internet petiklenenok. Men ol ýerde Azatlygyň web sahypasyna we beýleki garaşsyz habar beriş serişdeleriniň web sahypalaryna girip bilerdim. Men hatda “Häzirki zaman” ("Nastoýaşeýe Wremýa") onlaýn teleýaýlymyny hem görüp bilýärdim (Azatlyk radiosynyň we Amerikanyň sesiniň bilelikdäki rus dilli kanaly - red.).

Azatlyk Radiosy: Gynansak-da, Azatlyk we beýleki garaşsyz habar beriş serişdeleri soňky ýyllarda esasan ykdysady we sosial kynçylyklar bilen baglanyşykly wakalary beýan etmeli boldular. siz ýönekeý türkmenleriň ýaşaýan kiçi etraplaryna hem baryp bilendigiňizi aýtdyňyz. Siz olaryň arasynda haýsydyr biri bilen ýurtdaky ýagdaý barada gürleşip bildiňizmi?

Edward Lemon: Hawa, men birazajyk gürleşdim.Elbetde, bu biraz kyn boldy, men ol ýerde gaty az wagt boldum we adamlaryň öz-özüni senzura etmek derejesi gaty ýokarydy.Adamlar, görnetin sebäplere görä, umuman açyk gürlemekden, aýratyn-da daşary ýurtlular bilen aç-açan aç-açan pikir alyşmakdan çekinýärler. Ýöne mende dürli söhbetdeşler bilen edilen gürrüňlerden birneme umyt bar, ýagdaý kem-kemden üýtgeýär, täze lider Serdaryň (Berdimuhamedowyň) ýolbaşçylygynda şäherde üýtgeşiklik şemaly duýulýar diýen täsir döredi. Ýöne men bu umytlara seresaplylyk bilen garamak gerek diýip pikir edýärin.

Adamlar iň bolmanda raýatlara gözegçilik etmek we hökümetiň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyk saklamaga bolan gyzyklanmasy babatynda käbir üýtgeşmeleriň boljakdygyna umyt baglaýarlar.Türkmenistanda durmuş gaty kyn bolmagynda galýar, men diňe Aşgabat şäherinde boldum, ýagdaýyň has başgaça bolup biljek ýerlerine, ýurduň beýleki sebitlerine baryp bilmedim. Ýöne mende adamlar durmuşyň gowulaşmagyna umyt baglaýarlar diýen umumy garaýyş döredi.

Azatlyk Radiosy: Siz Merkezi Aziýanyň beýleki paýtagtlaryna hem baryp gördüňiz we resmi adamlar bilen pikir alyşdyňyz. Tejribe nukdaý nazaryndan seredilende, türkmen resmileri bilen gürleşeniňizde hem şol bir ýagdaýy gördüňizmi ýa-da bu ýerde haýsydyr bir derejede tapawut bar diýip bolarmy?

Edward Lemon: Elbetde, olarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gürleşmekde belli bir seresaplylyk bar.Men ol ýerde gysga wagt boldum, ýöne daşarky hyzmatdaşlar bilen işlemek islegi bar ýaly bolup göründi.

Mysal üçin, Aşgabatdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň işgärlerinden anyklan zatlarymdan çen tutsam, döwlet edaralary hyzmatdaşlyga has açyk görünýär diýip bilerin. Ýöne, elbetde, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryndaky kärdeşlerinden tapawutlylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gürleşen wagtlarynda olardaky seresaplylyk derejesi ýokary bolup duýulýar.

Azatlyk Radiosy: Onda diýmek, türkmen hökümeti we ýurt bu ugurda haýsydyr ädimleri ädýär diýip umyt edip bilerismi?

Edward Lemon: Men umyt duýgusy bilen gaýtdym, ýöne ýatdan çykarmaň, men ol ýerde çäkli wagt boldum.Siz bilýärsiňiz, men sebitde dürli programmalary alyp barýan, ýaş alymlar, hökümetdäki adamlar bilen işleşýän, ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan jemgyýetçilik, syýasy we ykdysady meseleleri bilen meşgullanýan bir guramany dolandyrýaryn.

Men şeýle programmalary Türkmenistanda hem amala aşyryp bolar, bu meseleler boýunça, mysal üçin, energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny döredip bolar diýen umyt bilen gaýtdym.Biziň bilişimiz ýaly, käbir hökümet pudaklarynda muňa isleg, talap bar. Şu sebäpden men, häzirki režimiň başlangyç nokatlaryny göz öňünde tutup, ýagdaýyň gowulaşyp biljekdigine ätiýaçly umyt bilen gaýtdym.

Azatlyk Radiosy: Bu hili üýtgeşmeleriň bolmagy üçin Türkmenistan haýsy kynçylyklary ýeňip geçmeli?

Edward Lemon: Hawa, uly kynçylyklar saklanyp galýar. Şu hepde Hytaýa gaz eksportyny dowam etdirmek perspektiwalarynyň Russiýanyň Hytaýa iberýän gazyny artdyrmak we Türkmenistany bu bazardan gysyp çykarmak synanyşyklary bilen bagly synaglara uçraýandygy baradaky habarlar peýda boldy.

Bu, elbetde, Türkmenistan üçin düýpli kynçylyklary döreder. Şu nukdaýnazardan seredilende, türkmen hökümeti üçin iň oňat ssenariýa ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek we ykdysadyýeti daşary ýurt maýa goýumlaryna açmak zerurlygyna düşünmek bolar.

Biz şunuň ýaly uly bolmadyk üýtgeşmeleri goňşy Özbegistanyň mysalynda hem gördük.Muňa, elbetde, demokratiýalaşdyrmak diýip boljak däldi, ýöne ol iň bolmanda käbir çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek we ilata mümkinçilik döretmekdi.

Ýene bir kynçylyk bolsa, walýutanyň bolgusyz iki alyş-çalyş kursunyň, iş ýüzünde 1 dollar 19 manat, ýöne resmi taýdan 3,5 manat goşa alyş-çalyş hümmetiniň saklanyp galmagy.Bu ösüş üçin düýpli päsgelçilikleri döredýär we Türkmenistany dünýäniň iň gymmat ýurtlarynyň hataryna girizýär hem-de daşary ýurt maýadarlarynyň bu ýurda maýa goýmagyny kynlaşdyrýar.

Teoretiki taýdan bu meseläni, Özbegistanda edilişi ýaly, örän çalt çözmek mümkin.

Ýene bir çynlakaý kynçylyk aýallaryň hukuklary bilen bagly.Mysal üçin, aýal-gyzlara sürüjilik şahadatnamasynyň berilmegini çäklendirmek meselesi ýurt üçin gaty uly mesele bolup durýar.Bu meseleler saklanyp galýar we olaryň çözülmegi, Türkmenistan ýaly awtoritar režimiň tebigaty nazara alnanda, ýokardan gaýdýan reformalary talap edýär.

biz bu hili ýagdaýy sebitdäki beýleki ýurtlarda hem gördük.Emeldarlaryň täze nesli diňe ýurduň üzňeleşmegine getirýän hemişelik bitaraplyk statusynyň durmuşa ukypsyzdygyna düşüner diýip tama etmäge käbir esaslar bar. Çözgüdiň ýeke-täk ýoly - ýuwaş-ýuwaşdan ýurdy açyp başlamak, raýatlara has köp internet elýeterliligini bermek, şol sanda elektron söwdanyň ösmegine şertler döretmekden ybarat.

Bu ýurt üçin ykdysady mümkinçilikleri döredip biler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen resmisi adam hukuklaryny goraýjy halkara HRW guramasynyň wekili bilen duşuşdy
Filippinlerdäki ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Russiýanyň täsirindäki “ykdysady ýardam agtarýan” Merkezi Aziýa sebitinde Waşingtonyň mantrasy
BAFTA kino baýragynyň ýeňijileri belli boldy
Ýigrimi ýaşly eýranly dünýäde iň pes boýly adam diýlip yglan edildi
Dünýäniň iň kelte adamy: telefon götermek agyr düşýär