Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň 41-nji mejlisi geçirildi

Aşgabatda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň 41-nji mejlisi geçirildi

Aşgabat myhmanhanasynda 16-njy noýabrda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ-a) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň nobatdaky 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy türkmen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli esasy çäreleriň biri boldy diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar häzirki Türkmenistanyň ýeten sepgitlerine haýran galýandyklaryny beýan etdiler. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Ýokary edarasynyň agzalary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna beslenen hem-de TÜRKSOÝ-yň çözgüdi boýunça Gündogaryň bu beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde yglan edilen şu ýylda bilelikdäki tagallalar bilen geçirilen çärelere ýokary baha berdiler.

Şol çäreleriň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly we onuň çäklerinde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň we suratkeşleriniň forumy, Gorkut ata halkara kinofestiwaly, halkara maslahatlar, bäsleşikler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, bilelikdäki konsertler bar.

Ýygnananlar medeni-ynsanperwer dialogy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, bildirilen myhmansöýerlik we bu möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler. Bu çäreler türki dilli halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda saldamly goşant boldy.

TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň arasynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen köpugurly işleri we hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýatlary üçin türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk sözleri beýan edildi.

Mejlisiň dowamynda guramanyň türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklaryny we taryhy-medeni mirasyny halkara derejede öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de gorap saklamaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça anyk çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi.

Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi agza döwletlerden gelip gowşan maslahatlara we tekliplere garady hem-de olary nazara almak bilen, geljek 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-yň Işiniň maksatnamasyny tassyklady. Geljek ýyl üçin Türki dünýäniň medeni paýtagty diýen dereje Gazagystanyň Aktau şäherine berildi.

Mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji jarnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy
Türki dünýasiniň medeni paýtagty Anew bilen bagly jemleýji dabara we konsert geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda 13-nji noýabrda Gorkut ata Halkara kinoforumy başlaýar
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda geçirilýän halkara kinofestiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy