Aşgabatda Türkmentel-2023 atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär

Aşgabatda Türkmentel-2023 atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň Türkmentel — 2023 atly XVI halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

Foruma Türkmenistan, Russiýa, ABŞ, Finlýandiýa, Türkiýe, Latwiýa, Fransiýa, Monako, Niderland Patyşalygy, Germaniýa, Şweýsariýa, Awstriýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Beýik Britaniýa, Tailand Patyşalygy, Hindistan, Pakistan, Belarus, Özbegistan, Gyrgyz, Gazagystan, Owganystan, Azerbaýjan, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 80-e golaý kompaniýadan 200-den gowrak wekilleriniň gatnaşar.

Şol sanda Halkara Elektroaragatnaşyk bileleşigi (ITU), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygy (PCC), Bütindünýä GSM bileleşigi (GSMA), Intersputnik Halkara kosmos aragatnaşyk guramasy, GDA-nyň ýerine ýetiriji komiteti ýaly abraýly halkara guramalardan wekiller hem bolar.

Halkara sergisi we maslahaty ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşjak alymlar, bilermenler, işewürler we halkara guramalaryň wekilleri sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sanly ösüşde döwlet strategiýasy bilen bagly meseleleri gözden geçirmäge mümkinçilik döreder.

Maslahatyň dowamynda Sanly çözgüt—2023 innowasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlener. Bu ýerde iň oňat ýaş taslamaçylaryň sanly önümleri işewürler jemgyýetine görkeziler.

Ýene degişli makalalar

9-njy noýabrda Türkmentel — 2023 atly XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işine başlar
Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi mobil aragatnaşygyň täze nesli boýunça okuw sapagyny guraýar
Olaf Şols gaýtadan dalaş etmekçi
Balkan atçylyk sport toplumynda at çapyşyklar geçirildi
Fossil kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi
Gurban Berdiýewiň topary UEFA-nyň Konferensiýalar ligasyndaky çykyşyny tamamlady