Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasyna (ÝUNESKO) goşulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi.
Baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşmakdan başlandy. Bu barada Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Soňra Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli komitetleriniň wekilleri, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahaty Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew açdy. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowa söz berildi.
Çykyşynyň başynda R.Meredow maslahata gatnaşyjylary şanly sene — Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini nygtady.
Çäräniň dowamynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory Golda El-Huri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Rune Kastberg, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň bilim ministri G.Ataýewa we başgalar çykyş etdiler.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk atly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan ýüzlenme kabul edildi.