Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy.
Üç gün dowam etjek Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji güni Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Dabaranyň başynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow hem-de Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahat ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan çykyş etdi. Olar öz çykyşlarynda iki ýurduň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilýändigini bellediler.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertinde türkiýeli aýdymçylar Seher Çelik, Enwer Meralli, Hamdiýe Efeoglu, Fulýa Emine Arat dagy çykyş edip, Kirpigiň kaşina da degdigi, Çanakkale içinde aýnali, Baga gel, bostana gel, Şinari nari naý, Aýa bak, ýyldyza bakSen bu ýaýlalari ýaýlaýamazsin, Gçirpindi Karadeňiz ýaly ajaýyp türk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlaryndan Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew ýurdumyzyň döwlet tans toparynyň tansçylary bilen bilelikde Gara Seýitliýewiň sözlerine, Çary Nurymowyň sazyna döredilen Meleguş aýdymy ýerine ýetirdi. Ýaş aýdymçy Döwran Annamämmedowyň dabara ýerine ýetiren türk aýdymlaryndan çemeni bolsa oňa gatnaşýan myhmanlaryň şaltlygyny artdyrdy.
Dabarada Meňli tans toparynyň tansçylary Andreý Babaýewiň sazyna Düwmeler tansyny ýerine ýetirdiler. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Miras folklor tans toparynyň ýerine ýetiren Küşdepdi tansy hem dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzda geçirilýän Medeniýet gününiň ilkinji güni Mukamlar köşgünde iki dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertiniň ahyrynda Nurgözel Gozlyýewanyň sözlerine, Merdan Ataýewiň bolsa Alkyşnama aýdym ýerine ýetirildi.