Türkmenistanyň DIM-iniň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Usmanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diplomatlar iň ýokary we ýokary derejelerdäki yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde esasy orny eýeleýändiklerini tassykladylar.
Bellenilişi ýaly, döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Diplomatlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellediler.
Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ugruň döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösmeginiň esasy faktorlarynyň biridigini nygtadylar.