Şu gün Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisiniň çäklerinde Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe girizildi.
Portaly işe girizmek dabarasyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Diego Luiz Alonso, Halkara söwda merkeziniň Söwdany goldamak we işewürlik syýasaty bölüminiň başlygy Mohammad Said gatnaşdy.
Portalyň Türkmenistanda açylmagy bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan üçin aç-açan serhetüsti söwda amallary elýeterli boldy.
Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portalyny döretmek boýunça işler Halkara söwda merkezi tarapyndan
Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) goldamagynda we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Ready4Trade Merkezi Aziýa taslamasynyň çäginde amala aşyryldy.
Dünýäniň 30 töweregi ýurdunda peýdalanylmak bilen, bu onlaýn platforma Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) söwda ýeňilleşdiriş şertnamasynyň 1.2-nji maddasynyň we şertnamada görkezilen söwdany ýeňilleşdirmegiň esasy maksadynyň berjaý edilmegine ýardam edýär.
Ozal Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portalynyň ýakyn wagtda işe girizilmegine bagyşlanan brifingiň geçirilendigi barada habar beripdik.