Türkmenistanyn ykdysadyýeti we maýa goýum mümkinçilikleri Aşgabatda ara alynyp maslahatlaşyldy.Daşary işler, Maliýe we Ykdysadyýet ministrlikleriniň guramagynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy geçirildi.Foruma dürli pudaklardan bilermenler, dünýäniň ykdysady bazarlaryny gönükdirýän ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen milli we halkara maliýe guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanda köp sanly maýa goýum taslamany iş ýüzüne geçiren türk işewüri Ahmet Çalyk dowam etdirilýän taslamalar hakynda TRT-ä interwýu berdi.
Ahmet Çalyk TRT-ä beren intýerwýusynda: “Energetika pudagynda, nebit-himiýa pudagynda, tebigy gaz pudagynda dürli ugurlarda maýa goýumlarymyzy dowam etdireris. Esasnda elektrik eksportunda Türkiýäniň başda durmagynda taýýarlyklarymyz dowam edýär. Şeýle hem sebitiň iň ulusy Türkmenistan döwleti tarapyndan gurdurylýan 1574 megawatlyk elektrik bekediniň işleri dowam edýär. Saglygy goraýyş pudagynda ägirt uly maýa goýumlar edilýär” diýdi.
Döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow hem foruma gatnaşyjylara ugradan wideo ýüzlenmesinde forumyň ýurduň ykdysady galkynyşy we halkara hyzmatdaşlygynyň güýçlenmegi taýdan uly ähmiýete eýedigini nygtady. Foruma Türkiýäniň Biržalar we Palatalar Bileleşiginiň hem-de Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşiniň agzalary bişlen 20 ýurtdan 400-den gowrak wekiliýet gatnaşdy.