Aşgabatda 25-nji aprelde Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli sergi we “Pyragydan ruhlanan ussat” atly maslahat guraldy. Zehinli sungat ussadynyň ýubileýine bagyşlanan çäre Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň kanoniki keşbini dörediji hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň keşbini döretmek üçin irginsiz zähmet çekmek bilen, suratkeşiň alyp baran giň gerimli gözleg we döredijilik işleriniň netijesinde, 1947-nji ýylda Magtymgulynyň portreti döredilýär. Ol söz ussadynyň hakyky keşbine golaý kanoniki nusga hökmünde ykrar edilýär.
Şekillendiriş sungatynyň ussadynyň eserleri milli suratkeşlik mekdebiniň gymmatlygydyr. Suratkeş ozalky Türkmen döwlet politehniki institutynyň binagärlik kafedrasyny esaslandyryjylaryň biridir. Ol ömrüniň ahyryna çenli bu ýokary okuw mekdebinde surat we žiwopis dersinden talyplara sapak beripdir.
Serginiň açylyş dabarasyna Aýhan Hajyýewiň kärdeşleri, şägirtleri, suratkeşler, sungat ugruna ýöriteleşen bilim edaralarynyň talyplary, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan we Täjigistandan myhmanlar gatnaşdylar. Çykyş edenler şekillendiriş sungatynyň ussadynyň eserleriniň diňe bir ýurtda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de giňden meşhurdygyny bellediler. Onuň döredijiligi halkara sungaty öwrenijiler tarapyndan öwrenilip, eserleri dürli muzeý gymmatlyklarynyň arasynda görkezilýär.
Günüň ikinji ýarymynda halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ussat suratkeşiň köpugurly döredijilik mirasyny wagyz etmäge bagyşlanan “Pyragydan ruhlanan ussat” atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ussat suratkeşiň Magtymguly Pyragynyň keşbine degişli birnäçe çeperçilik eserlerini döredendigi, şahyryň baý mirasynyň türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygyna, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi bellenildi.
Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly myhmanlar suratkeşleriň medeni gatnaşyklary, geçen asyryň 50 — 80-nji ýyllarynyň şekillendiriş sungatynyň çeperçilik akymlarynyň umumylygy, sebitde şekillendiriş sungatynyň milli mekdepleriniň kemala gelşi barada gürrüň berdiler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suratkeşleriniň döredijilik aýratynlygyna ünsi çeken myhmanlar milli şahyrlaryň nusgawy keşpleriniň döredilmegini muňa aýdyň mysal hökmünde görkezdiler. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, mizemez umumadamzat gymmatlyklaryna hyzmat etmäge ömrüni we zehinini bagyş eden meşhur suratkeş nusgawy portret suratlaryny çekmegiň milli mekdebiniň görnükli wekilleriniň biridir.
Ýygnananlar diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, daşary döwletlerde-de ähmiýet berilýän Aýhan Hajyýewiň döredijiliginiň geljekde hem hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň möhümdigine ünsi çekdiler.