Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisi açyldy

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde açylan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergide goýlan suratlarda türkmen nakgaşlarynyň Watana söýgisi beýan edilýär ― diýip, Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.

Natalýa Kaluginanyň serginiň merkezinde goýlan Nowruz atly işinde howasy tämizden tereň, erigiň näzik gülleriniň ysynyň bark urýan döwri -- pasyllaryň ajaby şekillendiripdir.

Natalýa Pawlowna Magtym agzam (il oňa Magtym mäzem diýipdir) kümmetine barýan ýol atly beýleki bir suratynda Garrygala daglarynyň arasynda ýitip giden, zyýaratçylaryň ýol salan gadymy ýadygärligi şekillendirilipdir.Magtym mäzem ussat tebip bolansoň adamlaryň onuň hatyrasyna serişde ýygnap gurduran kümmeti 500 ýyldan soň dargap ugrapdyr, ýöne il ýene pul ýygnap, ony dikledipdir.

Häli-häziren derdine derman isläp bu ýere zyýarata gelýän az däl.Suratda keramatly ýere barýan ýol şekillendirilipdir.

Onuň Saba säher suratda dag çeşmesinden başlaýan manzarda bir-birinden belent gaýalar, olaryň depesinde bolsa, hamala, nakgaş zenanyň işine syn edýän kimin, bulutlar çekilipdir.

Nakgaş Berdisähet Gurbansähedow Hazar hakda suratlar tapgyryny sergä hödürläpdir. Ol çalt özgerýän deňziň gözelligini çeper beýan etmegiň hötdesinden gelýär. Bu gezek nakgaşyň suratlarynda umman deňziň depesinde gaýmalap ýören owadan ak leglekler mekan tutupdyrlar.

Çokan Çokanowyň Deňiz manzarynda ýene Hazar, ýöne üýtgeşik tilsimde şekillendirilipdir. Köp aýlawly tolkun erteki bezegine meňzeýär.

Rustam Abdullaýewiň Uky atly suraty tomaşyçylaryň ünsüni özüne çekýär. Oýnap ýadan oglanjyk bilen güjüjek howluda ýatyp galypdyrlar. Surat mylaýymlygy bilen sergä gelenleriň ählisini özüne bendi edýär.

Berdi Çaryýewiň Maşgala durmuşy suratynyň çal-goňur reňki diwardyr onuň suwagyny sazlaşdyrýar.

Kompozisiýa Juma Aman Durdynyň sergide goýlan üç işiniň biridir. Bu nakgaşyň suratlary özboluşlylygy bilen žiwopis muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýär. Çünki Juma Aman Durdy abstrakt žiwopisiň bir ugry 100 ýyl mundan ozal Kazimir Malewiçiň döreden suprematizm tilsiminde işläpdi. Nakgaş görenini suratda geometrik figuralaryň sazlaşygynda berýärdi.

Nusgawy hem-de häzirki zaman sungatynyň dürli usullarynda we žanrlarynda ýerine ýetirilen suratlar nakgaşlaryň çeperçilik tilsimleriniň giňligini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy
Muzeý estetiki gurşawly hem-de maşgala bolup dynç alynmaly ýerdir
Tahyr Ataýewiň orkestri aşgabatlylar üçin, "Italiýa baýramçylyklary" stilinde konsert gurady
Taryh, däpler, häzirki döwür: sergi hakda söhbetden parçalar
Natalýa Kalugina: durmuş ýörelgesine öwrülen ylmy we döredijilik gözlegi
Natalýa Kalugina: ýüregim daglar diýip atygsaýar...